Seslenme: Özbek azlyklary özleriniň ene dillerinde bilim almaga hyjuwlanýar

Seslenme: Özbek azlyklary özleriniň ene dillerinde bilim almaga hyjuwlanýar

Türkmenistanda ýaşaýan milli azlyklaryň wekilleri Bilim hakynda Türkmenistanyň kanunyň 2021-nji ýylda kabul edilen rejelenen görnüşine salgylanyp, milli azlyklaryň wekilleriniň öz ene dillerinde bilim almaklaryna türkmen kanunçylygynda rugsat berilýändigini aýdýarlar. Ýöne iş ýüzünde milli azlyklar bu mümkinçiliklerinden ýyllarboýy mahrum galýarlar.

Ýaňy-ýakynda Azatlyk Radiosyna gelip gowşan bir okyjy haty Türkmenistanda milli azlyklaryň öz ene dillerinde bilim almak mümkinçilikleriniň töweregindäki soňky ýagdaýlara ünsi çekýär.

Bilim hakynda Türkmenistanyň kanunynyň rejelenen görnüşiniň bäşinji maddasy ýurduň bilim edaralarynda okatmagyň we terbiýelemegiň dillerini kesgitleýär.

Bu kanunyň 5-nji maddasynyň 2-nji bendi şeýle diýýär:

“Türkmen dili döwlet dili hökmünde eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, Türkmenistanyň bilim edaralarynyň ähli kysymlarynda okatmagyň we terbiýelemegiň esasy dilidir. Ähli umumybilim edaralary Türkmenistanyň döwlet diliniň okadylmagyny üpjün etmelidirler”

Başlangyç bilim, umumybilim, şol sanda esasy orta bilim, orta bilim, şeýle-de orta hünär bilimi, ýokary hünär bilimi, umuman, bilim edaralarynyň ähli kysymlary okatmagyň we terbiýelemegiň esasy dili hökmünde döwlet dilini, türkmen dilini saýlap almaga borçlanýarlar.

Eýsem, bu kanunçylygyň haýsy bölegi milli azlyklaryň wekillerini umytlandyrdy? 5-nji maddanyň 2-nji bendiniň dowamy. Onda şeýle diýilýär:

“Hünär bilimi edaralary okatmagy Türkmenistanyň döwlet dilinde amala aşyrýarlar. Bilim maksatnamalarynyň maksadyndan we okuw işiniň aýratynlygyndan ugur alnyp, bu bilim edaralarynda okatmagyň esasy dili hökmünde daşary ýurt dili (dilleri) ulanylyp bilner”

Diýmek, okyjy hatynda hem aýdylşy ýaly, hünär bilimi edaralary okatmagyň esasy dili hökmünde daşary ýurt dilini ýa-da dillerini ulanyp bilýärler.

Umumybilim edaralary bilen hünär bilimi edaralary tapawutlanýar. Umumybilim edaralary orta mekdep hökmünde bilinýär. Hünär bilimi maksatnamalary anyk ugurlar boýunça hünär işiniň alnyp barylmagyna ýardam berýär. Hünär bilimi maksatnamalaryna hünär-tehniki bilim, orta hünär bilimi, ýokary hünär bilimi we hünär bilimine gönükdirilen beýleki mekdepler girýär.

Azatlyk Radiosynyň okyjysy özüniň bilim kanunynda “okatmagyň esasy dili hökmünde daşary ýurt dilleriniň hem ulanylyp bilner” diýlen bölegine üns berýändigini aýdýar.

Ýöne bu kanunçylyk etniki azlyklaryň öz ene dillerinde umumybilim berýän orta mekdepleriniň açylmagyna ýol açyp bilermi? Hünärmenlere görä, bu aňsat däl. Üstesine, Türkmenistanda agyz ýüzünde “kämil kanunçylyk namalary” hereket edýär. Olaryň ençemesi ösen ýurtlaryň hukuk kadalaryna gabat gelýär. Ýöne olar iş ýüzünde ejiz galýar.

Muňa garamazdan, okyjy hatyndan mälim bolşuna görä, Daşoguz welaýatynda ýaşaýan milli azlyklaryň ençeme wekilleri, ene-atalar Bilim kanunyna salgylanyp, öz ene dillerinde bilim berýän mekdepleriň açylmagy barada, Daşoguz welaýatynyň Bilim müdirligine haýyş bilen ýüz tutmaga taýýarlyk görýärler.

Azatlyk Radiosynyň bu ygrarly okyjysy Türkmenistanda ýaşaýan etniki azlyklaryň problemalaryny, şol sanda özbek azlyklarynyň hukuklary bilen bagly meseleleri öňden bäri gozgap gelýär.

Daşoguz welaýatynda ýüzlerçe müň etniki özbek ýaşaýar. Okyjy hatyndan mälim bolşuna görä, welaýat bilim bölümine arza bilen ýüz tutmaga taýýarlyk görýän etniki azlyklar esasan özbek milletiniň wekilleri bolup, olar öz haýyşnamalarynyň kanagatlandyryljakdygyna ynanýandyklaryny aýdýarlar.

Olar sebitde özbek dilinde bilim berýän mekdep synplarynyň açylmagyny talap etmegi meýilleşdirýärler.

Özbek milletiniň köplük bolup ýaşaýan beýleki bir sebitinde, Lebap welaýatynda hem birmeňzeş meýiller göze ilýär.

Lebaply bir mekdep mugallymynyň sözlerine görä, sebitde ýaşaýan özbek dilli türkmen raýatlary hem öz ene dillerinde bilim almak barada sebit häkimiýetlerine arza bilen ýüz tutmakçy bolýarlar.

“Olar öňler şeýle haýyş bilen bilim bölümlerine ýüz tutanlarynda “ýokardan buýruk ýok, kanunda türkmen dilinden başga dilde okatmak göz öňünde tutulmaýar” ýaly jogaplar berlerdi” diýip, okyjy hatynda aýdylýar.

Ýöne Bilim hakynda kanunyň iki ýyl gowrak mundan ozal rejelenen görnüşi etniki azlyklaryň wekillerini öz ene dillerinde bilim almaga ruhlandyrýar.

Bilim kanunynda şeýle-de bir madda bar:

“Döwlet Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlaryna özleriniň ene dilini öwrenmäge ýardam edýär”

Ýöne Türkmenistanyň kanunçylygy bilim edaralarynda okatmagyň we terbiýelemegiň dilini “döwlet dili” hökmünde kesgitleýär. Türkmenistanda ýeke-täk döwlet dili türkmen dili hökmünde kabul edilýär.

Meselem, özbek dilli türkmen raýatynyň öz çagalaryna özbek dilini öwretmek üçin Türkmenistan döwletinden ýardama garaşmaga doly haky bar. Sebäbi, kanunçylyk muny wada berýär. Ýöne şol bir wagtda ýurtda özbek dilinde bilim berýän mekdep synplary çäklendirilýär.

Azatlyk Radiosy ýurtda etniki azlyklarynyň hukuklarynyň basgylanmagy barada ýyllarboýy habar berip gelýär. Şol hukuklardan biri hem milli azlyklaryň wekilleriniň öz ene dilinde bilim almak hukugy bolup durýar.

Ýöne öz bala-çagalarynyň geljegini Türkmenistanyň çäginde göz öňüne getirýän milli azlygyň wekili durmuşyň geljekki tapgyrlaryny hem göz öňünde tutmaly bolýar. Ýurtda ýokary hünär bilimi, ýokary okuw mekdeplerinden soňky hünär bilimi, iş ýerleri, býujet edaralary umuman ähli giňişlikler türkmen dilinde dolandyrylýar. Ýurtda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, teleradiokanallar, gazet-žurnallar tas diňe türkmen dilinde ýöredilýär. Ýöne olaryň mazmunynyň okyjylary, diňleýjileri we tomaşaçylary özünden çetleşdirmegi, şol sebäpden ýurtda özge dillerde media maglumatlarynyň sarp edilmegine ýykgyn edilmegi ol eýýäm başga mesele, özbaşyna bir tema.

Türkmenistanyň hökümeti ýurtda ýaşaýan milli azlyklaryň anyk sany barada maglumat bermeýär. 2022-nji ýylyň ahyrynda geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleri ýurtdaky milli azlyklaryň sanyny aýdyňlaşdyryp bilmedi.

Ilatyň etniki düzümi boýunça dürli çeşmelerde dürli-dürli maglumatlar hödürlenýär.Käbir çeşmelerde, 2012-nji ýylda geçirilen aýan edilmedik ilat ýazuwynyň syzan netijelerine salgylanylyp, ýurduň ilatynyň 85 göterimden gowragynyň türkmenlerden ybarat bolandygy aýdylýar.

Azlyklaryň hukuklary boýunça iş alyp barýan “Minority Rights” toparynyň soňky sapar 2018-nji ýylda täzelän maglumatlaryna görä, ilatyň 5,8 göterimi özbeklerden, 5,1 göterimi ruslardan düzülýär. Ýöne bu çeşmäniň hödürleýän beýleki sanlary ygtybarly çeşmeleriň maglumatlaryna gapma-garşy gelýär.

Meselem, bu çeşme Owganystanda ýaşaýan etniki türkmenleriň sanyny 350 müň diýip hödürleýär, ýöne Owganystandaky etniki türkmenleriň sany, ygtybarly çeşmelere görä, million adamdan arkaýyn geçýär.

Türkmenistanda ýaşaýan milli azlyklaryň sany köpler üçin tapmaça.

Ýurtda 1995-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň netijelerine görä, ýurduň umumy ilatynyň 9,2 göterimini etniki özbekler düzýär. Ýurtda ýaşaýan özbek ilatynyň sanyny 300 müň 600 müň aralygynda çaklaýan çeşmeler hem bar. Orient.tm neşiri 2022-nji ýyyň oktýabrynda 2010-2020-nji ýyllar aralygynda ýurduň umumy ilatynyň tas 90 göterimininden gowragynyň türkmenlerden ybarat bolandygyny aýtdy.

Azatlyk Radiosy ýurduň ilat sany boýunça Türkmenistanyň döwlet statistika komitetinden resmi teswir alyp bilmeýär.

Kanuna laýyklykda hünär bilimi edaralarynda döwlet dilinden başga dillerde okadylmagyna rugsat berilmegi milli azlyklaryň wekillerini az hem bolsa umytlandyrýar.

“Ýöne, bilşimiz ýaly, Türkmenistanda ençeme kanunlaryň diňe kagyz ýüzünde galýandygy syr däl” diýip, okyjy hatynda aýdylýar.

Türkmenistanda ýörite azlyklaryň hukuklary boýunça iş alyp barýan raýat jemgyýeti, ýa-da hökümete degişli bolmadyk gurama ýok.

Özbek azlyklary ýurduň demirgazyk welaýatynyň çägindäki käbir sebitlerde köplük bolup ýaşaýar. Ýazyjy we synçy Hudaýberdi Hally oktýabrda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda bu ýagdaýy şeýle düşündirdi:

“Özbeklere etniki azlyklar diýmegem nädogry. Sebäbi, özbekler köplük. Olara öz ene dilinde okamaga, sowat almaga, olara mekdep açmaga rugsat berlenok. Bu, elbetde, şol milletiň, umuman beýleki azlykdaky milletleriň hukugynyň kemsidilmegini aňladýar” diýip, türkmen ýazyjysy aýtdy.

Türkmenistanda daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdepler bar. Aşgabatdaky türkmen-rus mekdebi rus dilinde bilim berýär.

Bilim kanunçylygy ýurtda hereket edýän daşary ýurt mekdeplerinde okatmagyň we terbiýelemegiň dilini şeýle kesgitleýär:

“Türkmenistanyň çäginde işleýän daşary ýurt döwletleriniň bilim edaralarynda ýa-da olar bilen bilelikdäki bilim edaralarynda şu Kanuna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we halkara şertnamalaryna laýyklykda, degişli daşary ýurt dili (dilleri) okatmagyň esasy dili bolup durýar”

Ýöne ýurtda hereket edýän daşary ýurt mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň milli bölegine degişli dersler döwlet dilinde, ýagny türkmen dilinde okadylýar:

“Okatmagyň esasy dili degişli daşary ýurt dili (dilleri) bolan bilim edaralarynda Türkmenistanyň döwlet dili bilim maksatnamasynyň bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan kesgitlenilýän milli bölegine girýän okuw derslerini okatmakda ulanylýar”

Türkmenistandan tapawutlylykda, meselem, Özbegistanyň käbir ýokary okuw jaýlarynda türkmen dili hünär ugry bolup, talyplar degişli filologiýa fakultetlerine okuwa kabul edilýär.

Meselem, 2023/2024-nji okuw ýylynda Garagalpak döwlet uniwersitetinde we Nöküsiň döwlet mugallymçylyk institutynda türkmen dili hünär-ugurlar boýunça onlarça kwota bölünip berildi.

Türkmenistanda garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap, özbek dilli mekdepler we synplar ýapylyp başlandy.

Şeýle çäreler 2000-nji ýyllaryň başlaryndan soňra has-da güýçlenip, käbir sebitlerde ozal bar bolan özbek dilli mekdepler doly ýapyldy.

Meselem, 1995-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň netijelerine görä, Lebap welaýatynyň Magdanly şäheriniň ilatynyň tas 85 göterimi etniki özbeklerden düzülipdir. Ýöne Azatlyk Radiosyna oktýabrda gelip gowşan bir maglumatda aýdylmagyna görä, soňky 20 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu şäherde özbek dilli mekdepler doly ýapylypdyr.

“2000-nji ýyllaryň başlaryndan bäri şäherde ýekeje-de özbek dilinde okadylýan synp ýa-da özbek dili we edebiýaty dersleri öwredilýän ýekeje mekdep ýa synp galmady” diýip, Magdanly şäherinde mugallym bolup işleýän pensiýa ýaşyndaky bir özbek ýaşulysy şonda gürrüň berdi.

Türkmenistanyň döwlet edaralarynda öňden gelýän “türkmenleşdirme” syýasaty bar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýyllar boýy habar berip gelýärler. Hususan-da, hukuk goraýjy edaralarda işleýän etniki gelip çykyşy boýunça özge milletleriň wekilleri berk “türkmenleşdirme” syýasatyna sezewar boldular. Olaryň käbirleri iş howpsuzlygy bilen bagly aladalar sebäpli şahsyýetini görkezýän resminamalarda öz milletini “türkmen” diýip görkezmäge mejbur boldular.

Muňa garamazdan, türkmen resmileri ýurtda milli azlyklaryň medeni hukuklarynyň çäklendirilmeginiň töweregindäki aladalary inkär edip, bu ýurtda dürli milletleriň wekilleriniň sazlaşygynyň üpjün edilendigini aýdýarlar.

Ýatlasak, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň öňki orunbasary Wepa Hajiýew 2023-nji ýylyň awgustynda Jynsy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek baradaky halkara konwensiýanyň düzgünleriniň Türkmenistanda ýerine ýetirilişi barada beren hasabatynda “ýurtda milletara sazlaşygyň üpjün edilendigini” aýtdy. Ol hasabatyň dowamynda Türkmenistanda 61 milletiň wekilleriniň sazlaşykly ýaşaýandygyny aýtdy.

Türkmen häkimiýetleriniň ýyllarboýy erjellik bilen öňe sürýän “türkmenleşdirme” syýasaty netijesinde esasan hem etniki özbekleriň kowçum bolup ýaşaýan Daşoguz we Lebap sebitlerinde toýlarda milli türkmen halk aýdymlaryny aýtdyrmak, dürli dabaralara diňe türkmenlere mahsus milli lybaslarda gelmek tabşyrylýar.

Golaýda Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçylary bu sebitde hem beýleki milletleriň wekillerine toýlarda türkmen aýdymlarynyň aýtdydyrlmagynyň talap edilýändigini habar berdiler.

"Restoranlarda toýlar diňe türkmen aýdym-sazlaryny aýtdyryp, alnyp barylmaly we toý dabaralary türkmen däbine görä geçirilmeli. Täze durmuş gurýanlara bu barada, olar toý etjegini hasaba alýan bölüme ýüz tutanlarynda bu barada dilden duýduryş berilýär" diýip, Türkmenbaşydaky çeşme 31-nji ýanwarda habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Katmer: Aşgabada eltip bermek hyzmaty bilen köpdürli türk süýjülikleri
Balkanda welaýat derejesindäki “soňky jaňa” diňe türkmen milletinden bolan uçurymlar gatnaşdyrylýar
Soltan restoranlary mangalda etden taýýarlanýan tagamlaryň köp görnüşlerini hödürleýär
Aşgabatdaky fransuz aşhanasynyň restorany Dejavu eýwanynyň açylyşyna çagyrýar
Oýun meýdançasy bolan Soltan Loft restorany çagalar baýramçylyklaryny ýokary derejede guraýar
Berkarar SDAM-daky Soltan restorany tort taýýarlamak boýunça sargytlary kabul edýär