Şertnamalaýyn-hukuk binýady tükellemek meseleleri boýunça türkmen-rumyn geňeşmeleri geçirildi

31-nji maýda Buharest şäherinde iki ýurduň daşary syýasat edaralaryň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny tükellemek we kämilleşdirmek meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi.

Geňeşmeleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky hereket edýän we güýjüni ýitiren döwletara, hökümetara we pudagara şertnamalaryň we beýleki resminamalaryň, şeýle hem işlenilýän taslamalaryň sanawyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Geňeşmeler türkmen-rumyn gatnaşyklaryna mahsus bolan dostlukly we işjeň ýagdaýynda geçdi. Şeýle hem diplomatlar ikitaraplaýyn şertnama-hukuk ulgamyny giňeltmek mümkinçiligi bolan ugurlary kesgitlediler.

Ýene degişli makalalar

Gagauz türkçesi
“Orient Express”: Pariž-Stambul ýolagçy otlusy ýola goýuldy
Türkmenistanyň we Tatarstanyň döwlet Baştutanlary Budapeştde duşuşyk geçirdiler, Türkmenfilm Astrahanda Magtymguly Pyragy barada dokumental filmi üçin sýužet taýýarlar, Türkmenistanly göreşçiler halkara ýaryşynda üç medal gazandylar we beýleki habarlar
Ýewraziýa Döwletleriniň Gün Tertbindaki Wakalar
Türk Türgenleri 57 Medal Aldy
Russiýa Rumyniýanyň Ilçihanasyna Nota Berdi
Milli Ştangaçylar 3 Altyn, 3 Kümüş Medal Aldy