Serjo Mattarella ikinji möhlete Italiýanyň prezidenti saýlandy

Serjo Mattarella ikinji möhlete Italiýanyň prezidenti saýlandy

Serjo Mattarella respublikanyň parlamentiniň iki palatasynyň bilelikdäki mejlisinde geçirilen ses berişligiň sekizinji tapgyrynda Italiýanyň prezidenti saýlandy. Netijeler aşaky palatanyň başlygy Roberto Fiko tarapyndan mälim edildi. Bu barada TASS habar berýär.

Prezident saýlanmak üçin absolýut köplügi (50%-den gowrak), ýagny 505 ses almak ýeterlikdi. Özüniň ilkinji ýedi ýyllyk mandatyny tamamlaýan Mattarella üçin parlament agzalarynyň we sebit wekilleriniň hataryndan saýlawa gatnaşyjylaryň 759-sy ses berdi.

Palermodan bolan Serjo Mattarella 1980-nji ýyllarda Hristian-demokratik partiýasynyň hatarynda işjeň syýasy karýerasyna başlady. 1983-nji ýylda Serjo Mattarella ilkinji gezek parlamente saýlandy, 1987-nji ýylda ilkinji gezek Hristian demokratlarynyň hökümetine goşuldy, 1989-njy ýylda bolsa bilim ministriniň wezipesini eýeläp, Julio Andreottiniň kabinetine girdi. Mattarella öz hormatyna “mattarellum” diýlip atlandyrylan saýlaw kanunçylygynyň esasy awtorlarynyň biri boldy.

Mattarella 2011-nji ýylda Konstitusion kazyýetiň kazysy saýlanýar. 2015-nji ýylda bolsa Italiýanyň 12-nji prezidenti bolýar.

Ýene degişli makalalar

Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
Zelenskiý Germaniýa Bardy
Serdar Berdimuhamedow Serjio Mattarellany gutlady
Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýanyň ozalky Premýer-ministriniň aradan çykmagyna gynanç bildirdi
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Italiadaky awtobus heläkçiliginde 21 adam ýogaldy
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýada bolan awtobus heläkçiligine gynanç bildirdi