“Serie A”-dan 3 transfer habary

“Serie A”-nyň belli toparlaryndan “Lasio” kluby aşaky liga düşen “Salernitana” toparyndan hüjümçi Bulaýe Diany düzümine goşdy.Senegally hüjümçi rimlileriň düzüminde 12 möwsüm kärendesine çykyş eder.

Kärende tölegi üçin “Salernitana” toparyna jemi 1 million ýewro berjek “Lasio” geljek tomusda-da 27 ýaşyndaky oýunçyny 11 million ýewro ymykly düzümine goşar.Dia geçen möwsümde 17 oýunda 4 gol geçirdi.

Italiýanyň “Fiorentina” topary “Jenoanyň” islandiýaly hüjümçisi y transfer etdi.

Florensiýalylar 27 ýaşyndaky oýunçy bilen 1 ýyllyk kärendesine gol çekişip, möwsümiň ahyrynda ony 25 million ýewro berip ymykly transfer eder we 4 ýyllyk şertnama baglaşar. “Ýuwentus” hem-de “Inter” tarapyndan hem gyzyklanma bildirilen oýunçy geçen möwsümde “Serie A”-da 37 oýunda 16 gol geçirdi.

Ondan öňki möwsümde-de 14 gol geçiren Gudmundsson Niderlandlaryň PSW, AZ klublarynyň köýnekçelerini geýipdi.

Islandiýaly hüjümçisi Gudmundssony “Fiorentina” ugradan “Jenoa” topary transfere goýberen oýunçysynyň öwezini doldy.Genue şäheriniň wekili aşaky liga düşen “Sassuolo” toparyndan Andrea Pinamontini kärendesine düzümine goşdy. “Jenoa” topary 25 ýaşyndaky italýan hüjümçiniň möwsümiň ahyrynda ymykly transfer etmek hukugyna hem eýe boldy.

Pinamonti “Interde” futbola başlap, ol 2019/20 möwsüminde-de “Jenoada” kärendesine çykyş edipdi. Şol bir wagtyň özünde “Frosinone”, “Empoli” klublarynda hem kärendesine oýnan Pinamonti geçen möwsümde 5 gol geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Möwsümdäki ilkinji ýeňşi
Italýan klublarynyň täze transferleri
Soňky çempiony uly hasap bilen ýeňdi
Bir kluby aşaky liga düşdi, bir kluby ýokary liga çykdy
“Ýuwentus” goşmaça wagtda ýeňiş gazandy, çärýek finalda Milan derbisi oýnalar
Transfer täzelikleri