Serhetabadyň  'ýol azaby' ýerli ýaşaýjylary 'surnukdyrýar'

Serhetabadyň  'ýol azaby' ýerli ýaşaýjylary 'surnukdyrýar'

Türkmenistanyň iň günorta nokady bolan Serhetabatdan merkezdäki ilatly ýerlere aşmakda bar bolan kynçylyklar dowam edýär. Ýerli ýaşaýjylar günorta sebitden Mary welaýatynyň sebit merkezine barýan awtomobil ýolunyň könelip sandan çykandygyny, çukanakly ýollaryň awtomobil ulaglaryny hem aňsat hatardan çykarýandygyny aýdýarlar.

“Men şahsy ulagymda hepdede bir gezek Serhetabatdan Ýolötene gidip gelmeli bolýaryn. Öňler awtoulagy gatyrak sürseňem mesele bolmazdy, ýöne häzir gaty sürseň-de, haýal sürseň-de ulag sandan çykýar” diýip, sebitde söwda işi bilen meşgullanýan serhetabatly ýaşaýjy aýdýar.

Ol ýollardaky çukanaklar zerarly, kä halatlarda awtoulagyň käbir şaýlarynyň hem ýolda gaçyp galýandygyny aýdýar.

Ýurduň iň günorta çäginde Owganystan bilen serhetleşýän Serhetabat şäheriniň ýaşaýjylary köpýyllyklaryň dowamynda üzňelikden ejir çekýär. Şäher ýaşaýjylary durmuş zerurlyklary sebäpli, ýygy-ýygydan merkeze gatnamaga mejbur bolýarlar. Ýöne sebitleriň arasynda bar bolan infrastruktura meseleleri transport hyzmatlarynyň hilini ýaramazlaşdyrýar.

Ýerli ýaşaýjylar ýollaryň hiliniň ýaramaz bolmagy bilen baglylykda täjirçilik ulaglarynyň kireý tölegleriniň hem ýokarlandyrylandygyny aýdýarlar.

“Serhetabat Ýolöten aralygynda gatnaýan adamlaryň ählisi şol bir problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolýar, ýollar asla abatlanmaýar” diýip, beýleki bir serhetabatly aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýaşaýjylaryň birnäçesi mundan ozal özleriniň bu mesele boýunça häkimlige ýüz tutandyklaryny, ýöne bu şikaýatlaryň netije bermändigini aýdýarlar.

“Men näme edeýin? Meniň özüm-de, dogan-garyndaşlarym-da şol bir ýoldan ýöreýäris. Diňe biziň ýollarymyz däl, eýsem, tutuş welaýatdaky ýollar ýaramaz” diýip, ýerli ýaşaýjylar häkimlikdäki ýokary wezipeli adamyň özlerine aýdan sözlerini getirýärler.

Olar şeýle meseleleri gozgamagyň häkimiýetler tarapyndan halanmaýandygyny aýdýarlar.

Öňki Serhetabat etraby 2022-nji ýylda ýatyrylyp, Tagtabazar etrabyna birikdirildi.

Serhet ýakasynyň ýaşaýjylary bu sebitiň üstünden geçýän halkara ulag-üstaşyr taslamalaryna garamazdan, ençeme ýyllardan bäri transport meselelerini başdan geçirýärler. Serhetabat şäheri Owganystanyň Hyrat welaýaty bilen serhetleşýär.

Ýurduň çägine halkara ýükleriň getirilmeginde hem-de olaryň üstaşyr geçirilmeginde möhüm rol oýnaýan dokuz sany gümrük-barlag geçelgesiniň biri bolan Serhetabat barlag geçelgesi bu sebitde ýerleşýär.

Şeýle-de, Türkmenistan bilen Owganystan arada “Lazurit” halkara ulag-üstaşyr taslamasynyň düzümine girýän Serhetabat-Turgundy demir ýol geçelgesi bar.

Galyberse-de, Türkmenistan bilen Owganystany öz içine alýan iri taslamalar bu şäherden başlanýar. Türkmenistan Owganystan Pakistan Hindistan gaz geçiri taslamasynyň türkmen bölegi bu sebitde tamamlanýar. Şäheriň iri taslamalar babatynda strategiki ähmiýetiniň bardygyna garamazdan, ýerli ýaşaýjylar ýyllarboýy çukanak-sakanak ýollarda agyr synaglary başdan geçirýärler.

Serhetabat bilen Mary şäheriniň arasy takmynan 315 kilometr, esasan daglyk we çöllük ýerde ýerleşýän gara ýol Galaýmor, Daşköpri, Sandykaçy, Ýolöten we Murgap ýaly ilatly ýerleriň üstünden geçýär.

Mundan ozal, 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda türkmen metbugaty Sarahs-Mary-Serhetabat aralygynda täze awtomobil ýolunyň gurluşygyna başlanjakdygyny habar berdi. Munuň bilen baglylykda, bir hytaý kärhanasy bilen Aşgabatda çarçuwaly ylalaşyga-da gol çekildi. Ýöne bu taslamanyň tamamlanjak wagty barada anyk hiç zat aýdylmady.

Uzynlygy 450 kilometr boljak täze awtoban Ahal we Mary welaýatlaryndan geçer. Aşgabat Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ep-esli bölegi hem Mary welaýatynyň üstünden geçýär. Şeýle iri ýol taslamalarynyň durmuşa geçirilýän sebitinde serhetabatly ýaşaýjylar häzirki wagtda çukanak-sakanak ýollarda ýol azabyny başdan geçirýärler. Olar ulaglarynyň şaýlarynyň ýollarda gaçyp galýandygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy bu meseleler boýunça ýerli häkimiýetlerden resmi teswir alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda bankomatlar ne kadaly işleýär, ne-de olarda pul tapdyrýar
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi kärhanalarynyň maddy-tehniki binýadyny berkidýär
"Ajaýyp gurluşyk" kompaniýasy ýurtda 23 sany desganyň gurluşygyny alyp barýar
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi önümleriň giň görnüşlerini hödürleýär
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
27.10.2020 | Gurluşyk-senagat toplumy