SERGI

SERGI

Söze, şygra, edebiýata ýugrulan ýylymyzyň her aýy, her güni akyldarymyz, pähimdarymyz Magtymguly Pyragy bilen baglanşykly gelýär. Şu bagtyýar eziz Watanymyzda yzygiderlikde sergiler, edebiýat agşamlary, ýazyjy-şahyrlarymyz bilen duşuşyklar geçirilýär. Ine bu gün hem Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent- tehniki edebiýatlar bölümi Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Nebit we Gaz uniwersitetiniň talyp ýaşlary bilen kitaphanada gezelençler gurnaldy.

Gezelenjiň ahyrynda uniwersitetiň bagtyýar talyp ýaşlary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň kitaplarynyň içinde getirilen gyzyldan gymmatly setirleri okap özlerine gerekli maglumatlary alyp, şol pursatda birek-birek bilen sorag-jogap alyşdylar hem-de şu bagtyýar durmuşy peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi terbiýäniň gözbaşy
Türkmenistan dünýäniň öňdebaryjy energetika döwleti
Robot tehnologiýalary boýunça bäsleşik geçiriler
Aşgabatda halkara ylmy maslahat geçirilýär
MAGTYMGULY PYRAGYTÜRKMEN ŞYGRYÝETINIŇ ZERGÄRI
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy