Sergi merkezinde Serdar şäheriniň nakgaşlarynyň işleri görkezildi

Paýtagtymyzyň Sergi mekrezine gelenler Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň nakgaşlarynyň çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlarynyň döredijiligi bilen tanyşdylar.

Serginiň merkezinde Mekan Amanowyň manysy boýunça sazlaşykly işleriniň ikisi goýlupdyr. Olaryň birinde arkasy suwly küýzeli gartaşan aýal maşgala şekillendirilipdir. Agyr ýük astynda ýegşeren aýal kynlyk bilen gaýadan ýokary galyp gelýär, onuň yzyndan bolsa guzuly goýun gidip barýar.

Beýleki bir suratynda bir erkek kişi garşydan öwüsýän şemala garşy durup, degirmen daşyny alyp barýar, geçi bolsa aşagyndan itekläp oňa kömek edýär. Işiň filosofiki manysy adam durmuşy bilen janly tebigatyň bir-birine baglanşygy barada pikir döredýär. Şapak wagtyny şekillendirýän surat baş gahrymanyň ýol kynçylygyny ýeňip geçişini görkezýär.

Şatlyk Tagyýew sergä özboluşly grafiki işlerini getiripdir. Olaryň arasynda Natýurmort suraty has-da saýry gelýär. Daşyndan şeretseň ofort tilsimini ýatladýan kiçiräk ştrihlerde çekilen bişen miweli aýna mejime göreni özüne maýyl edýär.

Beýleki bir grafik Çary Hojamyradowyň Soňky umyt işi ünsüňi özüne çekýär. Nakgaş zyýarat edilýän gury agajy çekipdir. Oňa naýynjar we keramata garaşyp bakýan zenan gözi onuň ýordumyna çuňňur many berýär.

Sergide amaly-haşam sungaty işleri hem goýlupdyr. Sergä bu žanrdan eserleriň 15-sini hödürlän Gurbandurdy Tekäýeweiň işleri: goşa agaç baldagyndan ýasalan çarçuwanyň içindäki bagana täsirli çykypdyr. Olar Beýik Ýüpek ýolunyň taryhynyň sahyplary, çekelişikli at çapyşygy, milli däpler, durmuşy sahnalar ýaly dürli temalarda ýerine ýetirilipdir.

Gurbandurdy Aşgabadyň çeperçilik ýörüte hünär mekdebini, soňra Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik akademiýasyny tamamlady. Hünäri žiwopisçi we grafik bolsa-da, amaly-haşam sungaty önuň döredijiliginde esasy orun tutýar.

Kädä surat çekmek žiwopisçileriň arasynda ýörgünli usula öwrüldi. Ilki-ilkiler onda her hili zenan keşpleri şekillendirilen bolsa, indi kädä her hili ýordumlar ýerleşdirilýär. Sergide mugallym Ene Annamyradowanyň Gelin, Görogly we Küştdepdi ýaly üç işi görkezilýär. Ady rowaýata öwrülen gahrymanyň, hyjuwly tans edýänleriň, owadan ýaş gelniň keşbi ussatlyk bilen şekillendirilipdir.

Halk arasynda: mugallymy nähili bolsa, okuwçylaram şonuň ýalydyr diýen dana pikir bar. Häzirki žiwopis we amaly-haşam sungatynyň özboluşly işleri diňe bir mugallymlaryň zehinini, çeper-beýan ediş tilsimlerini we ýörelgelerini açyp görkezmän, eýsem serdar žiwopis mekdebiniň ösüşiniň umumy ýoluny hem görkezýär.

Ýene degişli makalalar

Böwrek daşy biynjalyklygyna tebigy çözgüt teklipleri
Gurban baýramynyň ýakynlaşmagy bilen bahalar ýokarlanýar
Türkmenistandaky dükanlaryň eýelerine azyk bahalarynyň “maslahat berilýän” sanawyny paýladylar
Tomsuň halanýan önümi
Türkmen bakja ekinlerine urugdaş ösümlikleriň arasynda dürli endemikler bar
Kädi we beýleki ekinler: daşoguzly telekeçiler oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmäge işjeň gatnaşýarlar