Sergeý Şoýgu Eýranda saparda bolýar

Sergeý Şoýgu Eýranda saparda bolýar

Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Sergeý Şoýgu şu gün Eýrana guraýan saparynda Eýranyň Milli howpsuzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Ekber Ahmediýan we Eýranyň Ýaragly güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy Muhammed Bageri bilen duşuşyklar geçirer.

Eýranyň prezidenti Mesud Pezeşkiýan hem Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Sergeý Şoýguny kabul eder.

Geçiriljek duşuşyklarda howpsuzlyk, söwda-ykdysady gatnaşyklar, sebitleýin we halkara meselelerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi ara alynyp maslahatlaşylar.

Eýranyň prezidenti Mesud Pezeşkiýan ozal Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş bolup, Eýranyň oktýabr aýynda Kazan şäherinde geçiriljek BRIKS sammitinde Russiýa bilen giňişleýin strategik hyzmatdaşlyk ylalaşygana gol çekmäge taýardygyny habar beripdi.

IRNA tarapyndan berilen habara görä Pezeşkiýan: "Goňşymyz we dostumyz Russiýa bilen gatnaşyklarymyza uly ähmiýet berýäris we şol gatnaşyklary ösdüreris" diýip beýan edipdi.

Ýene degişli makalalar

Eýran, Harby Türgenleşik Geçirýär
Eýranda polisiýa merkezine hüjüm guraldy
Eýranda Ruhanyny Öldürendigi Sebäpli Bir Adam Dara Çekildi
“Azerbaýjan Bilen Edýän Gatnaşyklarymyzy Pugtalandyrmak Isleýäris”
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň 17-nji mejlisi geçiriler
Eýran: "ABŞ ýaraşyk isleýändigi baradaky ýüzlenmesini bize ýetirdi" diýdi