Sergeý Lawrow metbugat ýygnagyny geçirdi

Sergeý Lawrow metbugat ýygnagyny geçirdi

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow paýtagt Moskwa şäherinde geçiren metbugat ýygnagynda rus diplomatiýasynyň 2024-nji ýyldaky işleri barada beýanat berdi.

Öňňin Ukrainanyň Türk Akymy tebigy gaz geçirijisini tebigy gaz bilen üpjün edýän Krasnodar sebitindäki kompressor stansiýasyna uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm guramaga synanyşandygyny ýatladyp, ABŞ-nyň Türk Akymy taslamasyny hatardan çykarmaga synanyşýandygyny beýan etdi.

Lawrow: "ABŞ haýsydyr bir ugurda bäsdeş islemeýär, esasanam energiýa boýunça. ABŞ Ýewropa Bileleşiginiň energiýa ugrundaky durnuklylygynyň esasyny bozjak terrorçylykly aksiýalara rugsat berýär, Ukrainadaky dolanşygy Demirgazyk Akymdan soň indi bolsa Türk Akymy hem hatardan çykarmaga höweslendirýär" diýip habar berdi.

Rus ministri ABŞ-nyň we onuň ýaranlarynyň adalatly bäsdeşlikden ýüz öwürendigini we bäsdeşlerini agressiw usullar bilen basyp ýatyrmak syýasatyny alyp barýandygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan rus kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Prezident Erdogan Rus Kärdeşi Putin Bilen Duşuşdy
Fidan Bilen Lawrow Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Daşary Işler Ministri Fidan Russiýaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary telefon arkaly söhbetdeş boldular