
ABŞ-nyň tennis boýunça Açyk çempionatynyň amerikaly Serena Uilýams bilen çernogoriýaly Danki Kowiniçiň arasyndaky birinji tapgyr oýny ýaryşyň agşamky sessiýalarynda adamlaryň gatnaşygy boýunça rekord goýdy diýlip, US Open-iň saýtynda habar berilýär. Muny sport-interfax.ru ýetirýär.
Maglumatlara görä, münberde 29 402 adam bardy. Olaryň arasynda Bill Klinton, Hýu Jekman, Maýk Taýson, Lindsi Wonn ýaly meşhur adamlar hem bar. Duşuşyk 6:3, 6:3 hasabynda amerikalynyň ýeňmegi bilen tamamlandy. Öň, Uilýams Us Open-2022-den soň karýerasyny tamamlajakdygyny aýtdy. Serena Uilýams ýekelikde Uly tuwulga ýaryşlarynyň 23 gezek ýeňijisidir.