Ertir Ahal AFK Çempionlar ligasynyň üçünji tapgyrynda Daşkentde Pahtakor bilen güýç synanyşar. Şu gün iki toparyň tälimçileriniň we oýunçylarynyň gatnaşmagynda metbugat konferensiýasy geçirildi. Onuň ikinji böleginde Ahalyň baş tälimçisi Serdar Geldiýew we toparyň kapitany Elman Tagaýew žurnalistleriň sowallaryna jogap berdiler.
Serdar Geldiýew: Ilki bilen, Pahtakor toparyna mähirli garşylandyklary üçin minnetdarlyk bildirýärin. Pahtakor toparynda ýeňşe bolan ymtylyşyň güýç boljakdygy tebigy ýagdaý. Sebäbi topar heniz ýeňiz gazanmady. Biziň hem öz meýilnamalarymyz bar. Ertir şolary ýerine ýetirmäge çalşarys.
Elman Tagaýew: Oýna oňat taýýarlyk gördük. Pahtakoryň oýunlaryny seljerdik. Tälimçimiziň aýdyşy ýaly, öňde goýlan wezipäni iň ýokary derejede amal etmäge synanyşarys.
Soňra Serdar Geldiýew žurnalistiň birinji tapgyrdaky Al-Feýhanyň üstünden gazanylan ýeňşiň tötänlik ýa tötänlik däldigi baradaky sowalyna şeýle jogap berdi:
Sensasiýa diýmek ýalňyş bolar diýip hasap edýärin. Çünki biz geçen möwsümde hem AÇL-de güýçli garşydaşy ýeňlişe sezewar edipdik. Elbetde, birinji tapgyrda, öz öýümizdäki birinji oýunda ýeňiş gazanmak ýakymly boldy. Hälki aýdyşym ýaly, biziň öz öňümizde goýan maksatlarymyz we oňa ýetmek üçin meýilnamalarymyz bar.
Soňra žurnalist Elman Tagaýewe Özbegistanyň Andijon we Nawbahor toparlarynda oýnan döwrüni ýatladyp, özbek toparlaryna garşy oýnamagyň nähili duýgulary döredýändigi baradaky sowal bilen ýüzlendi. Elman Tagaýew ol sowala: Elbetde, Pahtakoryň düzümindäki Aziz Turgunboýewi gowy tanaýaryn. Onuň bilen Nawbahorda biraz wagt bilen oýnapdyk. Mundan başga-da, Pahtakorda milli ýygyndyňyzyň ençeme oýunçylary bar diýip, jogap berdi.
Serdar Geldiýew metbugat konferensiýasynyň ahyrynda ertirki oýun baradaky öz pikirini şeýle sözler bilen jemledi:
Ähli toparlarda toparçadan çykmak üçin mümkinçilik bar. Biz her bir garşydaşa garşy öz oýnumyzy orta goýmaga synanyşarys.
Ýeri gelende bellesek, Pahtakor — Ahal oýny ertir Aşgabat wagty bilen sagat 19:00-da başlanar.