Serdar etrabynyň çägindäki köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurmak işi çaltlandyrylýar

Serdar etrabynyň çägindäki köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurmak işi çaltlandyrylýar

Türkmenistanda Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň çäginde kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurmak göz öňünde tutulýar. Bu barada Hökümetiň 14-nji ýanwardaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow habar berdi.

Bellenilişi ýaly, desga ekologiýa taýdan arassa elektrik energiýasyny öndürmek bilen, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň töwereginde peýda boljak ilatly ýerlerde sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün eder. Munuň özi ýurdumyzyň taryhynda täsin taslamadyr. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy pudagyň kuwwatlyklaryny artdyrmaga, şu ugur boýunça milli hünärmenleri taýýarlamaga, täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.

Şunuň bilen baglylykda, Energetika ministrligi tarapyndan ýokarda agzalan desgany ulanmaga doly taýýar edip gurmak hem-de “Serdar” elektrik bekedinden 110 kilowolt güýjenmeli elektrik geçirijisini gurmak üçin enjamlary we serişdeleri satyn almak barada halkara bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň jemleri boýunça Türkiýe Respublikasynyň “Çalik Enerji Sanayi we Ticaret A.Ş.” kompaniýasynyň teklibi seçilip alyndy.

Ýene degişli makalalar

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 15-nji mejlisinde birnäçe resminama gol çekildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň mejlisi
Türkmenistanda guruljak ilkinji Gün we ýel elektrik stansiýanyň mümkinçilikleri seljerildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň döredijilik we parahatçylyk söýüjilik kuwwatynyň artmagy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň esasydyr
Aşgabadyň gününe bagyşlanan halkara sergide şähergurluşygynyň iň täze gazananlary görkezildi
Çalik Enerji Sanaýi we Tijaret A.Ş. kompaniýasy Gün we ýel elektrik stansiýasy gurar