Serdar etrabynda Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygyna girişiler

Serdar etrabynda Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygyna girişiler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu gün gol çeken resminamasyna laýyklykda, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasy gurlar.

Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Türkiýe Respublikasynyň Çalik Enerji Sanaýi we Tijaret A.Ş.kompaniýasy bilen Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada şertnamany, suw üpjünçiliginiň hem-de lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlaryny we desgalaryny gurmak hem-de umumy ulgama birleşdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde, Serdar elektrik bekedinden köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyna çenli elektrik geçirijisini gurmak üçin enjamlary we materiallary satyn almak barada şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň iýul aýynda başlamak we elektrik stansiýasyny 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 15-nji mejlisinde birnäçe resminama gol çekildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň mejlisi
Çalik Enerji Sanaýi we Tijaret A.Ş. kompaniýasy Gün we ýel elektrik stansiýasy gurar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Aşgabat nurana geljege alyp barýan ýollarymyza şugla saçýan şamçyragdyr
Türk kompaniýasy Balkan welaýatynda kuwwatlylygy 1574 megawat bolan elektrik stansiýasyny gurar
“Nahal” hojalyk jemgyýeti Arçmanda täze binalar toplumyny gurar