
12-nji martda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä gelmegine üç ýyl dolýar. Kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowdan ýurt baştutany wezipesini kabul edip alan ýaş prezidentiň dolandyryşy astynda Türkmenistanda nämeler üýtgedi?
Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri ykdysady pudaklardan durmuş ulgamyna, raýat giňişliginden syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna çenli dürli ugurlardaky ýagdaýlar bilen gyzyklanyp jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň wekilleri bilen gürrüňdeşlik geçirdiler.
'Durmuş reallygyndan üzňelik'“Üçünji prezidentiň döwründe göze ilerlik nähili hem bolsa halk bähbitli reforma görnenok.Sebäbi dowam edip gelýän korrupsiýalaşan, durmuş reallygyndan umuman daşda galan režimi dolandyrmak öňküsinden has agyrlaşdy, netijede indi islendik bir ýönekeýje reforma etmeklik hem gönüden-göni şol ýapyklyk, hakykaty inkär etmek we hiç meseläni dile getirmezlik syýasatyny ýatyryp başlamak bilen ilteşiklidir” diýip, ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny ýakyndan yzarlaýan ýerli synçy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Ol ýurtda dowam edýän basyş režiminiň öz köküni köp ýyllyklardan alyp gaýdýandygyny, soňky prezident möhletiniň hem ýurtda däp bolan dolandyryş usulynyň dowamy bolandygyny aýtdy.
Ýaş prezident üç ýyl ozal wezipe başyna gelende üýtgeşik reforma wadalaryny bermedi, ýöne düýbünden wadasyz hem gelmedi.
“Ýaş ýurt baştutany, gynansak-da, öz saýlaw maksatnamasynda göz öňünde tutan maksatlaryny durmuşa geçirip bilmedi. Şolara, meselem, ýurtda syýahatçylygy ösdürmek ýa-da ilatyň jaý üpjünçiligini ösdürmek girýärdi. Ýöne, tersine, soňky üç ýylda ýurduň serhetlerinden geçmek ägirt uly bir meselä öwrüldi, jaý meselesi hem indi hatda harbylar üçinem ýiti nogsanlyga öwrüldi”diýip, ýerli synçy aýdýar.
Berdimuhamedow özüniň inaugurasiýa çykyşynda ýurduň ykdysady pudagyny “mundan-da beýläk ösdürmegi”, maliýe pudagyny kämilleşdirmegi, halkara maliýe guramalary bilen gatnaşyklary ösdürmegi wada berdi, şol bir wagtda durmuş pudagyna uly ähmiýet beriljekdigini, şeýle-de her bir maşgalany öýli ýa-da jaýly etmegi özüne baş wezipe hasaplaýandygyny aýtdy.
Türkmenistanda prezident ýedi ýyl möhlet bilen saýlanýar. Ýaş prezident häzirki wagtda şol ýedi ýylyň üç ýylyny arka atdy.
Üç ýyl ozal, 2022-nji ýylyň 12-nji martynda saýlaw uçastogyna 72 97 döwlet belgili ulag bilen baran prezident, Merkezi saýlaw komitetiniň resmi netijelerine görä, sesleriň 72.97%-ine eýe bolup, ýeňiji yglan edildi.
Şu wagta çenli Türkmenistanda geçirilen saýlawlaryň hiç haýsy abraýly halkara halkara guramalary tarapyndan erkin we adalatly saýlaw hökmünde ykrar edilmedi.
'Çäkli hem bolsa käbir oňyn özgerişler bar'Türkmenistanyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny ýakyndan yzarlaýan “Progres” gaznasy soňky üç ýylyň dowamynda çäkli hem bolsa käbir oňyn özgerişleriň bolup geçendigini aýdýar.
2022-nji ýylyň dekabr aýynda geçirilen uçdantutma ilat ýazuwynyň netijeleriniň köpçülige aýan edilmegi, ýurduň pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmeti aradan aýyrmak maksady bilen Halkara zähmet guramasy bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegi, çäkli hem bolsa, oňyn ösüşleriň hatarynda agzalýar.
Türkmenabat şäheriniň Gök bazarynda satyjylyk bilen meşgullanýan bir ýerli ýaşaýjy soňky üç ýyl bäri walýutanyň gara bazar bahasynyň o diýen üýtgäp durmaýandygyny, walýutanyň resmi bahasy bilen gara bazar bahasynyň arasyndaky tapawut saklanyp galýan-da bolsa, gara bazaryň durnuklylaşandygyny aýdýar.
Şäheriň Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynyň mugallymy soňky üç ýyl bäri ylym-bilim pudagynda bolup geçýän göze özgerişlere salgylanyp, türkmenistanly okuwçylaryň we talyplaryň soňky ýyllarda Günbatar döwletlerinde geçirilýän dürli bäsleşiklere has köp gatnaşyp başlandygyny aýdýar.
'Çylşyrymly geosyýasy şertlerde halkara gatnaşyklar'Ýaş prezident dünýäde geosyýasy ýagdaýlaryň çylşyrymlaşýan döwründe, koronawirus pandemiýasynyň ýaňy bir ýuwaşap, post-sowet giňişlikde Russiýanyň Ukraina goşun girizýän pursatlarynda wezipä geldi.
Şeýle şertlerde, täze prezidentiň kakasy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň syýasy sahnasyndan doly çekilmedi. Ol halkara ýygnaklarda Türkmenistana wekilçilik etdi, reformirlenen täze Halk Maslahatyna prezident tarapyndan başlyk bellendi, şeýle-de, öz ýolbaşçylygyndaky Halk Maslahatynyň kabul eden karary bilen “türkmen halkynyň milli lideri” yglan edildi.
Dünýäde syýasy-ykdysady şertler özgerip, iri döwletler Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklary ýygjamlaşdyrýan pursatlarynda, Türkmenistan soňky ýyllarda Ýewropa Bileleşigi bilen arada ysnyşykly gatnaşyklara ymtyldy.
Türkmenistan geçen döwürde Türki Döwlet Guramasyna synçy agza boldy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda assosirlenen agza hökmünde işjeň galdy, şeýle-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň möhüm ýygnaklaryna myhman hökmünde gatnaşdy.
Energetika serişdelerine baý ýurt soňky wagtlarda ýene-de täze iki ýurda, Yraga hem-de Türkiýä Eýranyň üsti bilen swap ylalaşygy esasynda tebigy gaz iberip başlady.
Içerki syýasatda üýtgeşme azAzatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan raýatlar içerki syýasatda özgerişleriň az bolandygyny, ýurtda öňden bäri dowam edýän syýasy atmosferanyň, özge pikirli adamlaryň yzarlanmagynyň, hem-de raýat giňişliginiň berk çäklendirilmeginiň dowam edýändigini aýdýarlar.
“Serdar Berdimuhamedowa prezident wezipesini kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowdan miras aldy. Ol kakasynyň kölegesinde galýar. Ol, meniň pikirimçe, şeýle şertlerde üç ýyl däl, ýene-de 13 ýyl prezident bolsa-da özgeriş amala aşyryp bilmez”diýip, Azatlyk Radiosynyň aýrybaşga söhbetdeşi, Balkan welaýatynyň ýaşaýjysy aýdýar.
Ol welaýatyň şäherlerinde infrastruktura desgalarynyň abatlanmaýandygyny, aragatnaşyk ulgamlarynyň, elektrik energiýasy we tebigy gaz üpjünçilik desgalarynyň hem-de awtomobil ýollarynyň sandan çykýandygyny aýdýar.
Lebap welaýatynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýerli ýaşaýjylar hem birmeňzeş problemalardan, üýtgewsiz galýan şertlerden şikaýat edýärler.
“Magaryf işgärleriniň üstüne ýüklenilýän, tölenilmeýän borçlaryň sany gün saýyn köpelýär. Bu bolsa, öz gezeginde, bilim ulgamynda parahorlygyň pajarlap ösmegine ýol açýar”diýip, lebaply mugallym aýdýar.
Bu welaýatyndan bolan bir saglyk işgäri medisina pudagynda öňden bäri bar bolan nogsanlyklaryň dowam edýändigini, şolaryň hatarynda parahorlygyň giň ýaýrandygyny aýdýar.
“Progres” gaznasynyň barlaglaryna görä, Türkmenistan halkara korrupsiýa görkezijisinde iň ýaramaz 15 ýurduň hatarynda galýar.
“Türkmen dolandyryjy elitasy tarapyndan awtoritar gözegçilik döwlet edaralaryna berk kök saldy, korrupsiýadan häkimiýeti saklap galmagyň we jogapkärçilikden sowulmagyň guraly hökmünde peýdalanylýar”diýip, “Progres” gaznasy halkara hasabatlara salgylanýar.
Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy hem-de ýurduň syýasy-jemgyýetçilik sahnasyny ýakyndan yzarlaýan ýerli synçy ýurtda Internet ulgamyna garşy girizilen petiklemelere garamazdan, sosial torlarda raýat işjeňliginiň artýandygyny aýdýarlar.
Habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan lebaply bir innowasion tehnologiýalar hünärmeni Internet ulgamyndaky janlanmalaryň asyl sebäbiniň Internet petigini böwüsmekde bar bolan gurallaryň has elýeterli bolmagy, bu ýagdaýa özleriniň goşant goşmagy bilen düşündirýär.
“Kiber howpsuzlyk gullugy gazanç etmek maksady bilen, para esasynda käbir adamlaryň Internet mümkinçiliklerini gowulandyrýar. Biz ýaly hünärmenler bolsa, petiklemeleri ýeňmegiň täze usullaryny tapýarys. Propagandaçylar bolsa, Serdaryň häkimiýete gelmegi bilen Internediň hiliniň öňki ýyllara seredende gowulaşýandygyny öňe sürmekçi bolýarlar. Emma bu ýalan” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bir ýerli hünärmeni sitirleýär.
Lebap welaýatyndan bolan içeri işler edaralaryndaky bir çeşme ýurtda dowam edýän durmuş-ykdysady kynçylyklaryň arasynda jenaýatçylygyň artyp dowam edýändigini aýtdy.
Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça hökümet resmilerinden teswir alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.