Serdar Berdimuhamedowyň Moskwa sapary meýilleşdirilýär

Serdar Berdimuhamedowyň Moskwa sapary meýilleşdirilýär

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy bilen geljek hepdede Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Moskwada saparda bolar.

Bu barada Russiýanyň Prezidentiniň Metbugat sekretary Dmitriý Peskowyň berýän maglumatlaryna salgylanyp, şu gün mir24 teleýaýlymy habar berdi.

Habarda bellenilşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa sapary mahalynda ykdysady meseleler boýunça birnäçe duşuşyklary we gepleşikleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Turkmenportalda ozal habar berşimiz ýaly, Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 12-nji maýynda Aşgabat şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna gatnaşmaga gelen GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Başlygy, Russiýanyň parlamentiniň ýolbaşçysy Walentina Matwiýenkony kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda W.Matwiýenkow Türkmenistanyň Prezidentine Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň salamlaryny we Moskwa sapar bilen gelmek baradaky çakylygyny ýetirdi.

Şu ýylyň 18-nji maýynda bolsa rus Lideri Wladimir Putin Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, şeýle-de ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky ýola goýlan gatnaşyklary has-da ösdürmäge goşan goşandy üçin, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Dostluk ordeni bilen sylaglamak baradaky resminama gol çekdi.

Ýene degişli makalalar

8-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
9-njy aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
TIF — 2024 maýa goýum forumy 10-11-nji sentýabra süýşürildi
CZN Burak Gurme restoranynyň Aşgabatdaky şahamçasy Arkaç SDAM-da açylar
China Southern Airlines Aşgabatdan Urumçä uçuşlaryň sanyny köpeldýär
Astrahanda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli konsert we baýramçylyk çäreleri geçirildi
2023-nji ýylda 120 müňden gowrak türkmenistanly Türkiýä syýahat etdi