28-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň döwlet derejesinde geçirilýän açylyş dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň ýolbaşçysy Ilýas Demirjini kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, häzirki döwürde sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanyň özboluşly keşbini döretmäge goşan şahsy goşandyny nazara alyp, dabaraly ýagdaýda döwlet Baştutanyna Türki dünýä ýokary hyzmatlary üçin atly medaly gowşurdy.
Türkmenistn gazetinde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti abraýly düzümiň ýolbaşçysyny türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýdyp, Ilýas Demirjä hem-de birleşigiň ähli agzalaryna bildirilen hormat üçin minnetdarlygyny beýan etdi we bu sylagy Türkmenistanyň binagärlik, inženerçilik, şäher gurluşygy babatda ýeten derejesine berlen ýokary baha hökmünde kabul edýändigini aýtdy.
Serdar Berdimuhamedow hyzmatdaşlyk meseleleri barada aýdyp, türki halklary umumy taryhyň, medeniýetiň, durmuş gymmatlyklarynyň birleşdirýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şoňa görä-de, türki döwletler bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek ýurduň daşary syýasatynda möhüm orny eýeleýär diýip, döwlet Baştutany belledi we Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşigi bilen hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerine, öňdebaryjy tehnologiýalar hem-de dolandyryş çözgütleri esasynda, şäher gurluşygyny kämilleşdirmekde inženerçiligiň gazananlary babatda tejribe alyşmak meselelerine garaljakdygyny aýtdy.
Türkmen tarapynyň hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça anyk teklipleri öwrenmäge taýýardygyny belläp, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň ýolbaşçysy Ilýas Demirjä gowşurylan ýokary sylagy üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi hem-de oňa berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.