Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň çägini giňeltmäge gönükdirilen teklipleri beýan etdi.
Türkmenistanyň 2023 — 2026-njy ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň düzümine saýlanmagy, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde Sanly ylym atly ÝUNESKO kafedrasyny döretmek boýunça işleriň geçirilmeginiň möhümdigini döwlet Baştutanymyz nygtady.
Şeýle hem, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň ýanynda bu guramanyň klublarynyň milli federasiýasyny döretmek; Türkmenistanyň endemik dermanlyk ösümlikleri bilen bagly türkmenleriň halk lukmançylygyndaky gadymy däplerini, şeýle hem Hazar deňziniň günorta kenaryndaky Akpatlawuk we Gökpatlawuk läbik wulkanlaryny tebigy geologik ýadygärlikler hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä tebigy mirasynyň sanawyna goşmak teklipleri beýan edildi.
Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen gadymy Daýahatyn kerwensaraýyny, Dehistanyň ýadygärliklerini Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna goşmak; türkmeniň milli dograma tagamyny, keçe we kilim taýýarlamak hem-de hüwdini ýerine ýetirijilik sungatyny, çaga sallançagyny bejermek we türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek däplerini ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna; Aşgabat we Arkadag şäherlerini bu guramanyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek üçin zerur işleri alyp barmak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezildi.