Serdar Berdimuhamedow ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekilini kabul etdi

Serdar Berdimuhamedow ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekilini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hökmünde wezipesini tamamlaýan hanym Teri Hakalany kabul etdi.TDH-niň habar berşi ýaly, myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentini Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Şunda Ýewropa Bileleşiginde sebitde we dünýäde parahatçylygyň, özara ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy ugrunda çykyş edýän Bitarap Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdirilýändigini, sebit boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmekde anyk işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

Döwlet Baştutany özara gatnaşyklary ösdürmäge goşan şahsy goşandy üçin hanym Teri Hakala minnetdarlyk bildirip, ony Finlýandiýanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy boýunça ýörite wekili hökmünde bellenilmegi mynasybetli gutlady hem-de jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda uzak ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köpugurly häsiýete eýedigi barada aýdyldy.Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bu gurama bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk edýär.

Syýasy-diplomatik ulgamdaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn we “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatynda köptaraplaýyn görnüşde yzygiderli ösdürilýär.Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmekde Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygy nygtaldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda kanun çykaryjylyk, ylym-bilim, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ýaly ugurlarda taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylandygyny belläp, ýurduň Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge taýýardygyny tassyklady.

Ýene degişli makalalar

ÝB Samarkant sammitinde Merkezi Aziýa bilen gatnaşygyny güýçlendirmegi maksat edinýär
ÝB-niň daşary syýasat başlygy, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas Aşgabada gelip, MA saparyna başlaýar
Serdar Berdimuhamedowyň prezident bolanyna üç ýyl boldy, bu döwürde ýurtda nämeler özgerdi
MA-ÝB sammitiniň yz ýany, synçylar Türkmenistanyň daşary syýasatyndaky soraglara ünsi çekýär
Türkmenistanyň Prezidenti ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
Türkmenistan ÝB bilen hyzmatdaşlygyny ösdürer