22-nji iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýa, Tokio şäherine iş sapary başlanyp, 23-nji iýulda wise-premýer Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito tarapyndan kabul edildi.
Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Imperatora we tutuş Ýaponiýanyň halkyna mähirli salamyny, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň başlanmagy mynasybetli iberen gutlaglaryny, bagt we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şol gün Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň Başlyklary Serdar Berdimuhamedowyň we Hiroýuki Subaýyň hem duşuşygy geçirildi, oňa şeýle-de Ýaponiýanyň işewürler toparlarynyň wekilleri hem gatnaşdylar.
Olaryň arasynda Itochu Corporation, Mitsubishi Corporation, Sumitomo Corporation, Sojitz Corporation, Marubeni Corporation, Komatsu Ltd we Kawasaki Heavy Industries kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdy.Taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de onuň berk syýasy erkiň, ykdysady mümkinçilikleriň we taraplaryň özara düşünişmekleriniň netijesinde yzygiderli ösdürilýändigini nygtadylar.
Energetika, mineral serişdeleriň çykarylmagy, himiýa senagaty, ulag, agrosenagat toplumy we beýleki ugurlar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe çykaryldy.Taraplar şonuň ýaly-da ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda geljekde taraplaryň ikisi tarapyndan hem Orta we Ýakyn Gündogar sebitleri, Hazar, Gara we Ortaýer deňizleriniň basseýnleri bilen ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmeginde işjeň ulanylyp bilinjek häzirki zaman senagat-tehnologiýa infrastrukturasynyň döredilmeginiň meseleleri bilen bir hatarda hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň strategiki ugurlaryna hem aýratyn üns berdiler.
Gepleşikleriň jemleri boýunça bank we maliýe, şeýle-de ulag hem-de ýol tehnikasy ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.