Serdar Berdimuhamedow ýapon tarapy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny maslahatlaşdy

Serdar Berdimuhamedow ýapon tarapy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny maslahatlaşdy

31-nji maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň türkmen böleginiň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň ýapon böleginiň başlygy, Ýaponiýanyň Itochu Corporation kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Tsubai bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň saýtynyň habar berşi ýaly, duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň derejesine ýokary baha berdiler.Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejedäki özara saparlaryň ähmiýeti bellenildi.

Gepleşigiň dowamynda iki döwletiň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn üns berildi.Häzirki wagtda amala aşyrylýan taslamalara syn berildi, şeýle-de nebitgaz, gazhimiýa we gaýtadan işleýän senagat pudaklaryndaky, ulag we beýleki ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna seredildi.

Taraplar özara hormat goýmaga, gyzyklanmalara we deňhukuklylyga esaslanýan köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeliligini bellediler. Şu nukdaýnazardan, ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda üstünlikli amala aşyrylýan taslamalar, hususan-da, Mary şäherindäki ammiak we karbamid öndürýän zawody, Gyýanly şäherçesindäki gazhimiýa toplumy, Garabogazda karbamid öndürýän zawody, Türkmenistanyň Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän (GTG) zawody barada bellenilip geçildi.

Lebap welaýatynda döwrebap gaz turbinaly elektrostansiýasynyň gurluşygynyň dowam edýändigi barada aýdyldy.Taraplar dünýädäki häzirki ykdysady ýagdaýlary göz öňünde tutmak bilen, öňdebaryjy maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlykda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça edilmeli indiki işleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene degişli makalalar

YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-ÝAPON KOMITETINIŇ BAŞLYKLARYNYŇ DUŞUŞYGY
Türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlary maslahatlaşyldy
Gazagystanda “Merkezi Aziýa-Ýaponiýa” dialogynyň işewürlik maslahaty geçirildi
“Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň işewürlik maslahaty
Raşid Meredow onlaýn görnüşinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy bilen duşuşdy
Türkmenistan we Ýaponiýa birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdi