28-nji martda Türkmenistanyň Mejlisiniň Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Ýaponiýa guralan dört günlük sapar tamam boldy. Delegasiýanyň agzalary ýapon resmileri bilen bir topar duşuşyk geçirdiler we birnäçe zawoda baryp gördüler.
Türkmenistanyň DIM-niň maglumatyna görä, 25-nji martda Türkmenistanyň delegasiýasy Ýaponiýanyň Parlamentiniň wekiller palatasynyň başlygy Tadomori Oşima bilen duşuşdy. Duşuşygyň çäklerinde döwletara özaragatnaşyklarynyň dürli ugurlary, şol sanda syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlary boýunça pikirler alyşyldy.
Türkmen resmileri şol gün Miraýkan geljegiň dünýäsi muzeýine we Аriake Water Reclamation suw arassalaýyş merkezine baryp gördi.
Serdar Berdimuhamedow 26-njy martda Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary Abe Toşiko bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklara degişli meseleleri maslahatlaşdy.
Soňra Türkmenistanyň wekiliýeti Nissan Motor Toсhigi plant zawodyna, galyndylary gaýtadan işleýän Tokyo Super Eco Town zawodyna bardy.
Kiçi Berdmuhamedow 27-nji martda Tendo şäheriniň meri Ýamamoto Şindji bilen duşuşdy.
Soňra türkmen delegasiýasy Wagýu sygyr etiniň önümçiligi boýunça Ysyokuniku zawodyna, ülje ösdürip ýetişdirýän ýyladyşhana bardy.
Serdar Berdimuhamedow 28-nji martda Tokio şäheriniň gubernatory Ýuriko Koike bilen duşuşdy, Türkmenistanyň wekiliýeti Kawasaki Heavy Industries Ltd. kompaniýasynyň robot-tehnika merkezine bardy, bu ýerde Kawasaki kompaniýasynyň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň görkezilişi geçirildi.
Ýatladýarys, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji martda Ýaponiýa ugrajak delegasiýa öňünden ýörite tabşyryklary berdi. Döwlet baştutany hökümetiň wekillerine TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny maliýeleşdirmek mümkinçiligini we Türkmenistana “Tayota” markaly awtoulaglaryň täze görnüşlerini ibermek meselelerini ara alyp maslahatlaşmagy tabşyrdy.