Prezident Serdar Berdimuhamedow jenap To Lama Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistan gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.
Döwlet Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident To Lama tüýs ýürekden berk jan saglyk, egsilmez gujur-gaýrat, Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň halkynyň öňe gitmegine, gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.