
Türkmenistanyň Prezidenti häzirki döwürde alnyp barylýan işleri talabalaýyk ýerine ýetirmek, bu ugurda geçirilýän işlere gözegçiligi güýçlendirmek, şeýle hem welaýatlary we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we häkimleriň jogapkärçiligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Karara gol çekdi.
Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, resminama laýyklykda:
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Taganowiç Atdaýew Ahal welaýaty;
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Muhammetguly Atamuhammedowiç Muhammedow Balkan welaýaty;
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Annageldi Orazberdiýewiç Ýazmyradow Daşoguz welaýaty;
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow Lebap welaýaty;
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Sapardurdy Toýlyýew Mary welaýaty;
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Hywaliýewiç Purçekow Aşgabat şäheri boýunça jogapkär edilip bellenildi.