Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

20-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurduň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Bu barada TDH habar berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti ýurtda pagtanyň öndürilýän möçberini artdyrmak baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag işleri alnyp barylýar.Gowaça ideg etmekde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar.

Welaýatyň bugdaý meýdanlarynda degişli ideg işleri dowam edýär.Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, kombaýnlary we beýleki tehnikalary galla oragy möwsümine taýýarlamak işleri tamamlaýjy tapgyrda barýar.Tohumlyk bugdaý hasylyny ýygnap almak, daşamak hem-de talabalaýyk saklamak üçin taýýarlyk işleri geçirilýär. Ýetişdirilen piläni ýygnamak we döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça işler dowam edýär.

Şeýle hem häkim welaýatda Soňky jaň dabaralaryny geçirmäge taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, galla oragy möwsümini ýokary guramaçylykly geçirmek üçin talabalaýyk taýýarlyk görülmeginiň, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, bu ugurda häkime anyk görkezmeleri berdi. Şeýle-de döwlet Baştutany ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hiliniň üpjün edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýakynlaşyp gelýän galla oragy möwsüminiň wajyp ähmiýetine ünsi çekdi hem-de oňa gatnaşjak ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek üçin ýokary derejede taýýarlyk görülmegini tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda gowaçanyň inçe süýümli täze sorty döredildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Özbegistanda oba hojalyk işi bilen tanyşdy
Ýylyň türkmen edermen alabaýy atly halkara bäsleşiginiň ýeňijisi kesgitlenildi
Russiýa Türkmenistana ISTA güwänamaly güýzlük bugdaýyň tohumyny eksport edýär