25-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy bilen baglanyşykly sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa obasenagat toplumy boýunça wise-premýer A.Ýazmyradow hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdy.
Maslahatyň barşynda welaýat häkimleri hasabat bilen çykyş etdiler.Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, häkimlere degişli tabşyryklary berdi.Hususan-da, türkmen Lideri Ahal welaýatynyň Kaka, Sarahs, Tejen etraplarynda; Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda; Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent, Akdepe, Boldumsaz etraplarynda Lebap welaýatynyň Döwletli, Köýtendag, Hojambaz etraplarynda Mary welaýatynyň Oguzhan, Wekilbazar, Murgap etraplarynda pagta ýygymynyň depginleriniň pesdigini aýdyp, bu ugurdaky işleriň barşyna nägilelik bildirdi hem-de ýol berlen kemçilikleriň gysga wagtda düzedilmegini, bu jogapkärli möwsüme dahylly ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegi häkimlerden talap etdi.
Döwlet Baştutany obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýere hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işlerini talabalaýyk we öz wagtynda geçirmek, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna jogapkärçilikli çemeleşmek babatda anyk görkezmeleri berdi.