Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine täze ýolbaşçylary belledi

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine täze ýolbaşçylary belledi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Serhet institutynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi.Mejlisde ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan geçen, 2022-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy. Şeýle-de ýurtda asudalygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini kämilleşdirmegiň, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli Permany bilen, Guwançmyrat Atamyradowiç Ussanepesow, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow degişli Permana gol çekdi we Begenç Gurbangeldiýewiç Hojamgulyýewi Aşgabat şäher kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşadyp, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy wezipesine belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow degişli Permanlara gol çekip, Örebaý Abajanowiç Muhammedowy hem-de Musamyrat Söýünberdiýewiç Söýünowy, başga işe geçmekleri sebäpli, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipelerinden boşatdy.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli Permany bilen, Toýnazar Annanazarowiç Hudaýnazarow Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşadylyp, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.

Şeýle-de degişli Perman esasynda, Gurbanmyrat Meretgeldiýewiç Hudaýberdiýew Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenilip, Mary welaýat kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

30.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Ussa Örebaý Annaýew: agajyň owazyny duýýan zehin eýesi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidenti kazylary wezipä belledi we boşatdy
07.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda