Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022 atly halkara maslahatyna we sergisine gatnaşyjylary gutlady

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022 atly halkara maslahatyna we sergisine gatnaşyjylary gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäherinde geçirilýän Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022 atly halkara maslahatyna we sergisine gatnaşyjylara Gutlag hatyny iberdi.

Watan habarlar gepleşiginde nygtalyy ýaly, döwlet Baştutany öz hatynda ýurduň nebitgaz senagatynyň üstünliklerini dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmak maksady bilen geçirilýän bu halkara maslahatyň we serginiň energiýa serişdelerini çykarmak, gaýtadan işlemek, olaryň dünýä bazarlaryna iberilişini diwersifikasiýalaşdyrmak işleriniň has-da ilerlemeginde ähmiýetiniň uly boljakdygyna ynam bildirýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda nebitgaz senagatyny ösdürmek, türkmen tebigy gazyny halkara bazarlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça ägirt uly işler amala aşyryldy.Döwletimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän energetika strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň uglewodorod serişdelerini halkymyzyň we beýleki ýurtlaryň halklarynyň bähbidine gönükdirmek babatda alnyp barylýan işler oňyn netijesini berýär.

Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda halkara hyzmatdaşlyk işjeň, oýlanyşykly we maksada okgunly ýagdaýda ösdürilýär. Öňde goýlan belent maksatlara ýetmek üçin häzirki wagtda dünýä ähmiýetli möhüm taslamalar durmuşa geçirilýär.

Türkmenistan dünýäde energiýa serişdelerini daşary ýurtlara köp möçberde iberýän döwletleriň biri bolmak bilen, bu ugurda durnukly halkara ulgamlary döretmegiň tarapdarydyr.Eksportyň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen artdyrmak, ösen köpugurly turba geçirijiler ulgamyny döretmek biziň döwletimiziň energetika strategiýasynyň ileri tutulýan esasy ugrudyr.

Hatda beýan edilişy ýaly, Türkmenistanda nebitiň we gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak hem-de olary gaýtadan işlemek arkaly dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän dürli nebit we gaz önümleriniň öndürilişini ýokarlandyrmakda uly işler alnyp barylýar.

Soňky ýyllarda energetika syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak üçin nebithimiýa we gazhimiýa pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berýäris.Bu ugry ösdürmek döwletimiziň baý uglewodorod serişdelerini netijeli ulanmak hem-de energiýa serişdeleriniň gaýtadan işlenilýän, eksport edilýän möçberini artdyrmak babatda öňe sürülýän strategiýalaryň biridir.

Türkmenistan täze gurulýan önümçiliklerde iň gowy dünýä tejribesiniň, öňdebaryjy, ekologik taýdan howpsuz tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berýär. Bu bolsa milli ykdysadyýetiň kuwwatynyň has-da artmagyna, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň öz ýurdumyzda öndürilmegine, olaryň eksportyny artdyrmaga uly mümkinçilikleri döredýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda geçirilýän halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara Gutlag iberdi
“Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024” atly sergi öz işine başlady
Türkmenistan dünýäniň öňdebaryjy energetika döwleti
Katar Dünýä Kubogyna taýýar
Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gury ýerden nebit gözlemek işlerini güýçlendirer
Gury ýerlerdäki nebit ýataklary daşary ýurt maýadarlary bilen bilelikde öwreniler
Saudi Aramco kompaniýasynyň girdejisi artdy