Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Ählumumy howpsuzlygyň strategiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjyny öňe sürmekçi

Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Ählumumy howpsuzlygyň strategiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjyny öňe sürmekçi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde agzalan Ählumumy howpsuzlygyň strategiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjyny tassyklady. Bu barada döwlet Baştutany Bişkekde geçirilýän GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde belläp geçdi. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr saýtynda habar berildi.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, soňky döwrüň halkara wakalary parahatçylygy saklamagyň, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmegiň dünýä syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary boljakdygyny aýdyňlyk bilen görkezýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň aýtmagyna görä, bu strategiýa möhüm ugurlaryň üçüsini özüne birleşdirmelidir.

Birinji bu gapma-garşylyklaryň we howplaryň öňüni almagyň we aradan aýyrmagyň, olary ýüze çykarýan sebäpleri ýok etmegiň guraly hökmünde öňüni alyş diplomatiýasynyň ýörelgeleridir.

Strategiýanyň ikinji ugry syýasy-hukuk dereje hökmünde oňyn bitaraplygyň kuwwatyndan peýdalanmak bilen baglydyr.

Üçünjiden, Ählumumy howpsuzlygyň strategiýasynda parahatçylygy üpjün etmegiň kepili hökmünde ynanyşmak dialogynyň medeniýetini dikeltmegiň ähmiýetini nazara almak wajyp hasaplanylýar.

Ýene degişli makalalar

Ýitirim etmek, adam öldürmek, sürgün etmek. Türkiýe Merkezi Aziýaly aktiwistler üçin, howply ýere öwrüldi
15-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
Aziýanyň ösüş banky “Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk strategiýasy 2024-2028” atly täze strategiýasy bilen tanyşdyrdy
Hokkeý boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy Bişkekde geçirilýän dünýä çempionatynda Günorta Afrikany utdy
Bişkegi güýçli harasat basdy
TIKA Bişkekde Agzaçar Berdi