13-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan sergide bolup, ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri bilen tanyşdy.
Söwda-senagat edarasynda guralan sergide görkezilýän dürli önümler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew hormatly Prezidente hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, bu gün Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ýurdumyzyň hususy işewürliginiň wekilleriniň 27 müňden gowragyny özünde jemleýär.Sergide Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň düzümleýin edaralary, Rysgal paýdarlar täjirçilik banky, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda giň gerimli döwlet taslamalaryny durmuşa geçirýän iri kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleri öz diwarlyklaryny gurnadylar.
Serdar Berdimuhamedow sergide görkezilýän önümler bilen tanyşlygynyň dowamynda Rysgal paýdarlar täjirçilik bankynyň, “Seljeriş we tehnologiýalar merkeziniň” diwarlyklarynda beýan edilýän hem-de bu düzümleriň sazlaşykly ösüşi barada gürrüň berýän maglumatlar bilen içgin tanyşdy. Şeýle-de ýokary hilli önümleri öndürip, ýurdumyzda we daşary döwletlerde meşhurlyk gazanan “Hasar”, “Misgär”, “Duýgy”, “Altyn ýunus” kärhanalarynyň, “Bars”, “Kindi”, “Oguzhan”, “Ak gar”, “Datmeni” söwda nyşanly süýji-köke öndürýän telekeçileriň görkezýän önümleriniň görnüşleri bilen gyzyklandy.
Hususan-da, Prezident Serdar Berdimuhamedow “Täze aý” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Orazow bilen gürrüňdeş bolup, telekeçi tarapyndan öndürilýän önümleriň görnüşleri, hili hem-de azyk harytlarynyň ýokumlylygy bilen gyzyklandy.Döwlet Baştutany ýurdumyzyň telekeçiligini mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek boýunça degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berip, bu ýerden ugrady.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan sergi 18-nji aprelde tamamlanar.