Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Gadyr gijesi bilen gutlady

Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Gadyr gijesi bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ähli halkyny gadyr gijesi bilen gutlady. Gutlag Türkmenistan gazetinde çap edildi.

Sizi tämizligi we päkligi, ynsanperwerligi, haýry hem-de sahawatlylygy dabaralandyrýan mübärek Gadyr gijesi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.Keremli Oraza aýynyň sahawatly we bereketli Gadyr gijesiniň her bir maşgala ojaklarynda gadymy dessurlarymyza, milli ýörelgelerimize laýyklykda, ajaýyp umyt-arzuwlar bilen garşy alnyp, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrjakdygyna, abadan, bagtyýar durmuşymyzyň hatyrasyna täze belent sepgitlere ruhlandyrjakdygyna pugta ynanýaryn diýip, döwlet Baştutany belledi.

Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: Türkmen halky müňýyllyklaryň synagyndan geçirilip gelnen milli ýörelgelerimize, gylyk-häsiýetlerimize we aňymyza siňen tämiz ahlaklylyk, päk wyždanlylyk, belent adamkärçilik, şükranalyk, birek-birege hormat goýmak ýaly bütin adamzat üçin nusgawy ahlak kadalarydyr ruhy gymmatlyklary, dini düşünjeleriň esasynda nusgalyk ynanç-adatlary döredipdir.

Kalbyny we bedenini tämiz saklan, ýüregi hem-de bütin durky bilen halallyga, päklige, dogruçyllyga, tagat-ybadata uýan ata-babalarymyzyň döreden bu nusgalyk ýörelgelerini häzirki döwürde mynasyp dowam etdirýäris. Ýüreklerimizde we aňymyzda ahlak, ruhy kämilligiň ýokary derejesi hökmünde hemişelik orun alan ýörelgelerimizi döwlet syýasatymyzyň, agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň taglymat esasy — milli döwletliligimiziň mizemez ýoly hökmünde has-da kämilleşdirýäris. Şoňa görä-de, milletimizi has-da jebisleşdirýän baýramlarymyzy we senelerimizi dabaraly belläp geçmek däbine eýerip, Gudraty Güýçli Beýik Allatagala tarapyndan keramatly Gurhany Kerimiň ilkinji aýatlarynyň iberilip başlanan Gadyr gijesine sahawatlylygyň we bereketliligiň mübärek gijesi hökmünde aýratyn hormat goýýarys.

Müňýyllyklardan gözbaş alýan dini we dünýewi ýörelgelerimize laýyklykda, bu mukaddes gijäniň hormatyna agzaçar sadakalaryny berip, birek-birege hoşamaý sözleri aýdýarys, tarawa namazlaryny, aýat-töwirleri okap, abadan we bagtyýar durmuşyň, beýik maksatlarymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagynyň hatyrasyna alkyş-dilegleri edýäris diýip, gutlag hatynda nygtady.

Döwlet Baştutany öz gutladynda türkmen halky dünýä medeniýetine we dinlerine, umumadamzat ösüşlerine uly goşant goşan halkdygyny belläp geçdi.Gündogar bilen Günbatary birleşdiren Margiana, Baktriýa, Horezm, Parfiýa, Seljuk türkmen medeniýetleri, kaşaň köşkleri, metjit-medreseleri, kerwensaraýlary, kitaphanalary bilen ylym we bilim merkezleri hökmünde şöhratlanan Merwiň, Nusaýyň, Ürgenjiň, Abiwerdiň, Dehistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri umumadamzat gymmatlygy hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir.

Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk, agzybirlik hakynda şamçyrag kimin ýolgörkeziji taglymatlary döreden Muhammet Gaýmaz Türkmen, Abdylla ibn Mübärek, Mahmyt Zamahşary, Abu Sagyt Abylhaýyr, Hoja Ahmet Ýasawy, Nejmeddin Kubra, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy kimin beýik akyldarlar bolsa Türkmenistanyň, türkmen halkynyň taryhy ýolunyň örän beýikdiginiň hem-de dünýäniň medeni ösüşinde mynasyp orny eýeleýändiginiň anyk delilleri bolup durýar — diýip, türkmen Lideri belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti halkyň merdanalygyna, agzybirligine we jebisligine bil baglap, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik geljege barýandygyny aýtdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Döwlet bilen halkyň arasyndaky jebisligiň pugta binýadyna öwrülen Watan diňe halky bilen Watandyr!, Döwlet diňe halky bilen döwletdir!diýen ýörelgelerimizden ugur alyp, döredijilikli zähmetimiz hem-de belent watansöýüjiligimiz bilen başymyzyň täjine deňeýän Garaşsyz Watanymyzy özgerdýäris, Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini, şan-şöhratyny has-da beýgeldýäris.

Täze döwrümiziň röwşen ýolunda ak ýüreklilik we wepalylyk bilen Watana gulluk etmek, Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýatlyk esaslaryny, parahatçylyk we dostluk ýörelgelerimizi berkitmek, gazanylýan üstünliklere buýsanmak hem-de goşant goşmak biziň mukaddes borjumyzdyr — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda belläp geçýär.

Döwlet Baştutany gutlagynyň ahyrynda mübärek Oraza aýynyň sahawatly günlerinde hem-de Gadyr gijesinde amal eden tagat-ybadatlaryňyz, agzaçar sadakalaryňyz, merdana halkyň agzybirligi we abadançylygy, Garaşsyz Watanyň berkararlygy hem-de rowaçlygy üçin eden doga- dilegleriňiz Gudraty Güýçli Beýik Allatagalanyň dergähinde kabul bolmagyny arzuw etdi.

Gadyr gijesi müberek Oraza aýynyň mukaddes gijeleriniň biridir.Bu ýyl Gadyr gijesi 27-nji aprelden 28-nji aprele geçilýän gijä gabat gelýär.

Mukaddes gijede namaz okamagyň sogaby 83 ýyllap okalan namazyň sogabyna deň hasaplanýar. Musulmanlar bu gije daň atýança namaz okamagy maksat edinýärler. Gadyr gijesinde doga-dileg edilýär. Bu mukaddes gijede ýatmak maslahat berilmeýär.

Ýene degişli makalalar

Hokkeý boýunça halkara ýaryş: üçünji günüň netijeleri
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Oraza baýramy bilen gutlady
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gurban baýramy bilen gutlady
Döwlet Baştutanymyz watandaşlarymyzy Gurban baýramy bien gutlady