24-nji ýanwarda Aşgabat-Türkmenabat awtobanynyň gurluşygyna badalga berilmegine bagyşlanan dabara gurnalyp, oňa prezidentiň ogly we parlamentiň deputaty Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
TDH-nyň habar bermegine görä, dabaranyň çägindde halk sungaty eserleriniň sergisi, bagşylaryň, estrada aýdymçylarynyň we tans kollektiwleriniň çykyşlary gurnaldy.
Gutlag sözi bilen Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary Serdar Berdimuhamedow we il-günüň hormatly ýaşulularr çykyş etdiler.
1 of 7
Uzynlygy 600 kilometr bolan ýoluň gurluşygy 2023-nji ýylyň dekabrynda tamamlanyp, ulanmaga berler. Ýoluň birinji Aşgabat-Tejen bölegi 2020-nji ýylyň dekabrynda, ikinji Tejen-Mary bölegi 2022-nji ýylyň dekabrynda, üçünji — Mary-Türkmenabat bölegi 2023-nji ýylyň dekabrynda tamamlanar.
Proýektiň bahasy $2,3 milliarda barabar. Ýoluň ugrunda derýalaryň üstünden 4, demir ýollaryň üstünden 4, beýleki kesişýän ýollaryň üstünden 22 köpri gurlar.
Aşgabat-Türkmenabat we Aşgabat-Türkmenbaşy ýollarynyň gurluşygy Türkiýäniň “Polimeks” firmasy häkimiýetleriň awtobany öz serişdeleriniň hasabyna gurup, çykaran harajatlaryny geljekde tölegli bolup, girdegi getirmegine garaşylýan ýoluň getirjek girdejisnden almak baradaky teklibinden ýüz öwreninden soň ýerli telekeçilere ynanyldy.
Ýatladýarys, Serdar Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň oktýabrynda Ahalda “döwrebap obalaryň” düýbüni tutdy we sentýabrda çaga dogrulýan öýi açdy.