Şu gün Täjigistanda saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täjik halkynyň milli gahrymany Ismoil Somoniniň ýadygärligine gül goýdy.
Dusti meýdançasynda ýerleşýän ýadygärlik toplumyna gelende, Serdar Berdimuhamedowy Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Serdar Berdimuhamedow Ismoil Somoniniň keşbini ebedileşdiren ýadygärlige gül dessesini goýup, görnükli döwlet işgäri hem-de hökümdaryň — Samany döwletini esaslandyryjynyň hakydasyny hatyralady. Bu barada Türkmenistan gazetiniň elektron neşirinde habar berildi.