Serdar Berdimuhamedow Singapur Respublikasynyň Milli güni bilen gutlady

Serdar Berdimuhamedow Singapur Respublikasynyň Milli güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Singapur Respublikasynyň Prezidenti jenap Tarman Şanmugaratnama, Premýer-ministri Lourens Wonga we ýurduň halkyna Singapur Respublikasynyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär.

Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, onuň iki halkyň bähbidine yzygiderli kämilleşdiriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Tarman Şanmugaratnama we Premýer-ministr Lourens Wonga tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Singapuryň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Lourens Won Singapuryň täze hökümet başlygy boldy
Singapuryň Hökümet başlygy Li Sýanlun işden gidýär
Ilon Mask baý adamlaryň sanawyndaky ornuny ýitirdi
Louis Vuitton Messi bilen Ronaldunyň mahabatyndan 13,5 million dollar gazandy
Bredli Kuper Louis Vuitton sagatlarynyň mahabatynda surata düşdi
Ýewropa bazarynda has köp ulag satar