Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi

Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Hökümet mejlisinde, ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi.Ol ýurduň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunda häzirki wagtda Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny taýýarlamak, Býujet, Ilaty durmuş taýdan goramak, Sanitariýa kodekslerine, bedenterbiýe we sport, döwlet ylmy-tehniki syýasaty, ylmy edaralar, sportda dopinge garşy göreşmek, tohumçylyk işi bilen baglanyşykly, şeýle hem başga-da birnäçe kanunlary döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň dowam etdirilýändigi barada aýdyldy.

Mejlisiň çykyp giden deputatlarynyň ýerine şu ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk görmek boýunça Merkezi saýlaw topary bilen bilelikde amala aşyrylýan işler barada-da aýdyldy. Şeýle hem parlamentara gatnaşyklar we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, sanly ulgam arkaly geçirilen Halklary birleşdirýän taryhy we medeni gymmatlyklar atly maslahat barada hem habar berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow döwrüň talap edýän täze kanunlaryny taýýarlamagyň möhümdigine ünsi çekdi. Döwletiň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň bu kanunlarda öz beýanyny tapmalydygy barada aýdyldy we bu ugurda degişli işleri geçirmegi dowam etmegiň zerurdygy bellenildi.

Soňra wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, daşary syýasat, halkara gatnaşyklar, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti käbir resminamalara hem gol çekdi. Şol sanda döwlet Baştutany raýatlaryň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak maksady bilen, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna degişli Binalary we desgalary gurmak hakynda Karara gol çekip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagy, ähli türkmen halkyny hem-de mejlise gatnaşyjylary Arkadag şäheriniň açylyp ulanmaga berilmeginiň bir ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylar hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de Prezident Serdar Berdimuhamedowy şanly wakalar bilen gutladylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Serdar Berdimuhamedow nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi