1-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Rumyniýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ion Nawaly kabul etdi. Diplomat ynanç hatyny gowşurdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Rumyniýanyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.Söhbetdeşler türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy, ony ösdürmegiň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Döwlet Baştutany we ilçi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, giň ugurlarda, şol sanda energetika, söwda, oba hojalygy, ulag we aragatnaşyk, himiýa hem-de ýeňil senagat ýaly strategik ulgamlarda özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdiler. Şunda Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rumyn toparyna möhüm orun degişlidir.
Bu topar söwda gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, hyzmatdaşlygyň täze görnüşleriniň, usullarynyň öwrenilmegine ýardam bermelidir. Şeýle-de ynsanperwer ulgamda, hususan-da, ylym, medeniýet we bilim ugurlary boýunça döwletara gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn giňeldilmegi ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezildi.