Serdar Berdimuhamedow Rejep Taýyp Ärdogany Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi

Serdar Berdimuhamedow Rejep Taýyp Ärdogany Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Rejep Taýyp Ärdogany Türkmenistanyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik we sowgatlyk nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Permanda bellenilişi ýaly, Rejep Taýyp Ärdogan bu sylag bilen Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, wagyz etmekde we geljekki nesillere ýetirmekde bitiren hyzmatlary hem-de medeniýetleri ýakynlaşdyrmaga we baýlaşdyrmaga, türkmen we türk halklarynyň arasynda dost-doganlygy we özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan uly şahsy goşandy üçin, şeýle hem türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli sylaglanýar.

Ýene degişli makalalar

9-njy oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtly kärdeşleriniň birnäçesini Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýubileý medal bilen sylaglady
Gurbanguly Berdimuhamedow Rejep Taýyp Ärdogany Türkmenistana sapara çagyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
Türk raýatlary türkmen aýallarynyň Türkmenistandan çykarylmagyny soraýar
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň söwda ministri bilen duşuşyk geçirdi