27-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň “Polimeks Inşaat ve Sanayi A.Ş.” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanjany kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany we “Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ykdysadyýetiň senagatlaşdyrylmagy, pudaklaýyn düzümleriň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy, toplumlaýyn binagärlik-şähergurluşyk konsepsiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijeli işewür gatnaşyklary ösdürmek üçin oňyn şertleri üpjün edýär. Şunda täzeçil usullaryň, ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlarynyň önümçilige giňden ornaşdyrylmagyna, ýerine ýetirilýän işleriň hemmesinde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, Erol Tabanja “Polimeks” kompaniýasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegi özi üçin uly hormat saýýandygyny belläp, bilelikdäki täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.