Özbegistana döwlet saparynyň birinji gününiň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow, asylly däbe görä, Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda Kuksaroý döwlet kabulhanasynyň çäginde ýerleşýän Hormatly myhmanlar seýilgähinde nahal oturtdy.
Hakyky dostlugyň nyşanyna öwrülen hut ajaýyp seýilgähde Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistana amala aşyran saparynyň barşynda eken bagynyň eýýäm boý alyp oturandygyny bellemek gerek. Häzirki wagtda bu bag ösüp, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny, okgunly ösýändigini alamatlandyrýar. Bag nahalyny ekmek iki halkyň hem ajaýyp däbidir. Häzirki wagtda-da bu däp üstünlikli dowam etdirilýär.