Serdar Berdimuhamedow Özbegistana sapar edip, prezident Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy

Serdar Berdimuhamedow Özbegistana sapar edip, prezident Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy

Duşenbe güni Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary, prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti goňşy Özbegistana iş saparyny amala aşyrdy.

Saparyň dowamynda wise-premýer Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew tarapyndan kabul edildi. Özbek prezidentiniň metbugat gullugyna görä, duşuşygyň dowamynda Serdar Berdimuhamedow türkmen prezidentiniň iberen hatyny Şawkat Mirziýoýewe gowşurypdyr. Resmi habarda aýdylmagyna görä, hatyň mazmunynda Gurbanguly Berdimuhamedow “türkmen-özbek gatnaşyklaryna ýokary baha berýär”

Şeýle-de, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň web-saýtyna görä, saparyň dowamynda Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň premýer-ministriniň orunbasary, maýa goýumlar we daşary söwda ministri Sardor Umurzakow bilen hem duşuşypdyr.

Gepleşiklerde taraplar “Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birnäçe meselelerine” seredip geçipdirler.

Özbegistana amala aşyran saparynyň öň ýany, Serdar Berdimuhamedow 8-10-njy ýanwarda Eýrana sapar etdi we prezident Ebrahim Raisi tarapyndan kabul edildi.

Soňky birnäçe ýyl bäri wezipe basgançaklarynda çalt ýokary göterilýän Serdar Berdimuhamedow soňky hepdelerde Türkmenistanyň syýasy sahnasynda barha öňe saýlanýar. Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda kiçi Berdimuhamedow ýurduň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryna sapar etdi. Döwlet telewideniýesi prezidentiň oglunyň sebitlere amala aşyrýan saparlary barada giňişleýin habar berdi.

Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýer 18-nji ýanwarda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda kiçi Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň syýasy sahnasynda işjeňleşmegine syn berdi.

Ekspert synyna görä, prezidentiň oglunyň soňky bir aý töweregi wagt bäri ýurduň içinde we daşynda amala aşyrýan saparlary onuň ýurtdaky iň ýokary wezipä taýýarlanylýan bolmagynyň ahmaldygynyň nobatdaky alamaty bolup durýar.

“Birinjiden, Serdaryň prezident boljakdygy, onuň prezident ediljekdigi barada ep-esli wagt bäri gürrüňler edilýär. Ýöne onuň soňky bir aý, bir ýarym aý bäri has-da işjeňleşmegine onuň ýurtda iň ýokary wezipä göterilmeginiň öňüsyrasynda tanyş bolmaly adamlar bilen tanyş bolmagy, tanyş bolmaly ugurlar bilen tanyşmagy hökmünde seredip bolar” diýip, Panniýer aýtdy.

Ýöne Panniýere görä, Serdar Berdimuhamedowyň soňky wagtlarda hususan-da goňşy ýurtlaryň prezidentleri bilen duşuşmagy, bu ugurdaky güýçli alamatlaryň biri bolup durýar.

“Bularyň ählisi Serdar Berdimuhamedowyň aýagynyň ýer tutup başlandygyny görkezýär.Eýsem, ol sebitdäki beýleki liderler bilen, beýleki goňşy liderler bilen duşuşarmy, muny bilmek gyzykly bolar.Ol Gazagystana sapar edip bilerdi, ýöne Gazagystandaky soňky wakalar nazarda tutulanda, bu mümkin däl ýaly bolup görünýär.

Eýsem, ol Azerbaýjanyň lideri Ilham Aliýew bilen duşuşarmy, ýa-da iň bolmanda telefon söhbetdeşligini geçirermi?Bu hem onuň ýokary wezipä golaýlaýandygynyň ýene bir alamaty bolardy.Sebäbi, siziň hem belleýşiňiz ýaly, fewralyň başlarynda Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi geçirilýär.

Diýmek, Türkmenistanda olary nobatdan daşary mejlis geçirmäge iterýän bir zatlar bolup geçjek bolýar” diýip, Panniýer aýtdy.

Döwlet metbugatyna görä, Türkmenistanda fewralyň başlarynda Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär we prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine görä, maslahatyň dowamynda Türkmenistanda öňümizdäki 30 ýylyň maksatnamasyny maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

40 ýaşly Serdar Berdimuhamedow soňky birnäçe ýyl bäri yzly-yzyna ýokary wezipelere, şol sanda ministr, häkim, wise-premýer, gözegçilik gullugynyň başlygy wezipelerine bellenildi, belli bir wagtyň dowamynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzasy boldy.

Kiçi Berdimuhamedowyň 17-nji ýanwarda Daşkende amala aşyran iş sapary döwlet metbugatyna görä, Gurbanguly Berdimuhamedowyň 14-nji ýanwarda geçiren hökümet mejlisinde kararlaşdyryldy.

Bu aralykda, halkara uçar gatnawlaryny yzarlaýan flightradar24.com web-saýtyna görä, Türkmenistan howaýollaryna degişli bir uçar 17-nji ýanwar güni bir günüň dowamynda üç gezek Aşgabat Daşkent Aşgabat aralygynda gatnady. Uçar dördünji gatnawyny Daşkent Türkmenabat aralygynda amala aşyran ýaly bolup görünýär.

“EZ-A020” belgisi bilen hasaba alnan “Boeing 737-82K” kysymly uçaryň türkmen wekiliýetini Daşkende alyp baran uçardygy ýa-da däldigi, galyberse-de onuň iki ýurduň arasynda bir günde amala aşyran dört gatnawynyň sebäpleri nämälimliginde galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistana Boenig-777-300ER täze ýolagçy howa gämisi getirildi
Olimpiýa şäherçesinde Oýunlara gatnaşýan ýurtlaryň baýdaklary galdyryldy
Türkmenistanyň prezidentiniň uçary Adlerde gondy (üsti ýetirilen)
Prezidentiň uçary London aeroportunda gondy
Türkmenistanyň prezidentiniň uçarlaryny radardan ýaşyrdylar
"Türkmenhowaýollarynyň" ýolagçy uçary Marynyň asmanynda 5 sagat aýlandy we Aşgabada gaýdyp geldi