Serdar Berdimuhamedow nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi

Serdar Berdimuhamedow nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.

Ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.Bellenilişi ýaly, döwrüň talaplaryna laýyklykda, milli hukuk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça degişli çäreler görülýär, ýurduň häzirki we geljekki ösüşini kesgitleýän täze kanunlar işlenip taýýarlanylýar.

Hereket edýän kanunçylyk namalaryny halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna we döwrüň talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen, olara üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär.

Şeýle hem daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen özara gatnaşyklary ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň kanunçylygynyň döwrüň talabyna görä kämilleşdirilmelidigini belledi. "Munuň özi döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmäge we ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de pugtalandyrmaga mümkinçilik berer" diýip, döwlet Baştutany aýtdy we bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Soňra wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, daşary syýasat, halkara gatnaşyklar, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, 3-nji noýabrda ýurtda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününiň giňden bellenilip geçiljekdigini aýtdy we hemmeleri bu baýram bilen gutlady.

Hökümet mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Tüтrkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Prezident nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Mejlisinde OHCHR-nyň Merkezi Aziýa boýunça edarasynyň sebitleýin wekili bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi