Serdar Berdimuhamedow nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi

Serdar Berdimuhamedow nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. TDH-nyň habar berşi ýaly, mejlisiň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.

Hökümet mejlisinde, ilki bilen, milli parlamentiň ýolbaşçysy D.Gulmanowa söz berildi.Ol milli ykdysadyýeti mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan kanunçylyk işi barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy we raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek boýunça kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak, birnäçe kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek babatda ýerine ýetirilýän işler hakynda aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň kanunçylyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmagy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen birlikde, raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek bilen bagly kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işleri alyp barmagyň wajypdygyna üns çekildi.

Soňra wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, halkara gatnaşyklar, ýurduň daşary syýasaty, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, halkara gatnaşyklar, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti mejlisiň barşynda käbir resminamalara hem gol çekdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, 1-nji iýunda ýurtda Çagalary goramagyň halkara gününiň döwlet derejesinde bellenilip geçiljekdigini belledi.

Biz ýaş nesillerimiziň sagdyn, bagtyýar ösüp ulalmaklary, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmekleri üçin zerur mümkinçilikleri döredýäris. Ýurdumyzyň ähli künjeginde döwrebap çagalar baglaryny, mekdepleri, bedenterbiýe-sagaldyş, dynç alyş toplumlaryny gurup ulanmaga berýäris diýip, döwlet Baştutany aýtdy hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleriň geljekde-de giň gerim bilen dowam etdiriljekdigini nygtap, hemmeleri Çagalary goramagyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentini hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Hökümet mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Mejlisinde OHCHR-nyň Merkezi Aziýa boýunça edarasynyň sebitleýin wekili bilen duşuşyk geçirildi