Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň barşynda, ilki bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa hem-de Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew döwletiň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler, durmuşa geçirilýän çäreler hakynda maglumat berdiler.
Şunda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Milli Geňeşi bir palataly ulgama öwürmek hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek baradaky taryhy ähmiýetli başlangyjynyň halkyň arasynda uly goldawa eýe bolandygy, oňa laýyklykda alnyp barlan işler, şol sanda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek bilelikdäki maslahatynyň gün tertibinde ara alnyp maslahatlaşyljak degişli kanunlaryň taslamalarynyň taýýarlanylýandygy, maslahata taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy.
Hökümet mejlisinde wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, şol sanda pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça wezipeleriň ýerine ýetirilişi, öňde boljak çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabatlary berdiler.
Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.