
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah Al-Sisä hem-de dostlukly döwletiň ähli halkyna ýurduň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berildi.
Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, gutlag hatynda Prezident Abdel Fattah Al-Sisä tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Müsür Arap Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.