Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystana amala aşyrýan ilkinji döwlet saparyny Astana şäheriniň Baş metjidine baryp görmek bilen jemledi diýip, Türkmenistan gazeti ýazýar.
Şu ýylyň 12-nji awgustynda açylan bu täze metjidiň diňe bir Gazagystanda däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýada iň uly metjit bolandygyny ilkinji nobatda aýtmak gerek.Ol öz göwrümi bilen dünýäniň iň uly metjitleriniň ilkinji onlugyndan hem mynasyp orun aldy.
Astananyň Baş metjidiniň umumy meýdany 68062 inedördül metre deň bolup, uly gümmeziniň uzynlygy 83,2 metre, diametri bolsa 62 metre ýetýär.Ol her biriniň uzynlygy 130 metre deň bolan minaralaryň dördüsini özünde birleşdirýär.
Metjitde birbada 235 müň adama namaz okamaga mümkinçilik bar.Musulman dünýäsiniň bu özboluşly desgasy we onuň çäginden uzalyp gidýän seýilgäh eýýäm gazak paýtagtyna barýan syýahatçylary özüne çekýän täze nokada öwrüldi.