Serdar Berdimuhamedow maryly daýhanyň ekin meýdanyna baryp gördi

Serdar Berdimuhamedow maryly daýhanyň ekin meýdanyna baryp gördi

Mary welaýatyna toý saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Wekilbazar etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň ekerançylyk meýdanynda ussat kärendeçi-daýhan Atageldi Ärnyýazow bilen söhbetdeş boldy. Döwlet Baştutany onuň gündelik işleri, ýetişdirýän ekinleriniň görnüşleri, şeýle hem maşgala ýagdaýy bilen gyzyklandy.

Kärendeçiniň habar berşi ýaly, ol 15 ýylyň dowamynda kärendeçilik bilen meşgullanýar. Bugdaý ekilen 55 gektar kärende ýerinde onuň ähli maşgala agzalary zähmet çekýär hem-de şu ýyl her gektardan 40 — 45 sentner hasyla garaşýarlar. Şeýle hem olar gowaça, ýeralma we beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýarlar.

Döwlet Baştutany söhbetdeşligiň dowamynda ekerançydan zähmet şertleri, aýratyn-da, ekin meýdanlary, suw serişdeleri, ýokary hilli tohum hem-de dökün bilen üpjünçilik meseleleri, oba hojalyk tehnikalarynyň ulanylyşy, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň geçirilişi bilen gyzyklandy.

Soňra kärendeçi hormatly Prezidentden galla oragyna girişmäge ak pata bermegini haýyş etdi.Döwlet Baştutanymyz “bismilla” diýip, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaýdan bir desse orup, täze hasylyň oragyna ak pata berdi hem-de daýhana bol hasyl almagy arzuw etdi.

Döwlet Baştutany kärendeçiniň yhlasly zähmetine minnetdarlyk hökmünde oňa sowgat gowşurdy. Daýhanyň haýyşy boýunça onuň bilen ýadygärlik surata düşdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynda saparda
Mary welaýatynda 345 müň tonna bugdaý hasyly ýygnalar
05.10.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.Ä.Berdiýew hakynda
Kaka etrabynyň okuwçylary halkara olimpiadasynda ýeňşe dalaşgärleriň 765-siniň arasynda iň güýçlileriň onlugyna girdiler