Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kuba Respublikasynyň Prezidenti Migel Mario Dias-Kanel Bermudese Gawana şäherindäki “Saratoga” myhmanhanasynda bolup geçen, köpsanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelerine getiren partlama zerarly gynanç hatyny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny aýtdy. 6-njy maýda irden Kubanyň paýtagty Gawanada ýerleşen Saratoga myhmanhanasynda partlama bolup geçdi. 22 adam aradan çykdy, 64 töweregi adam şikes aldy. Ýurduň häkimiýetleri pida bolanlaryň içinde daşary ýurtly raýatlaryň ýokdugyny habar berdi.
Kubanyň Häkimiýetleri partlamanyň sebäbiň terrorçylykly hadysa bolmak mümkinçiligini aradan aýyrdy. Ýurduň Prezidenti Migel Dias-Kanel partlamanyň sebäbi hökmünde betbagtçylyk ýagdaýy atlandyrdy.Partlamanyň esasy sebäbi hökmünde enjam oturdylanda gazyň ýaýramagy diýlip görkezilýär.