Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow şenbe güni “Kelete” okuw-türgenleşik merkezine baryp, bu ýerde geçirilen Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň bilelikdäki harby okuw türgenleşigini synlady.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, okuw-türgenleşik merkezinde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Begenç Gündogdyýew bilelikdäki okuw türgenleşigine taýýarlyk barada hasabat berdi. Harby türgenleşige Ýaragly Güýçleriň guryýer, howa hüjüminden goranmak goşunlarynyň, harby-howa, harby-deňiz hem-de “Türkmen edermen” ýörite maksatly güýçleriniň ähli düzüm birlikleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň “Türkmen edermen” ýörite maksatly düzümleri gatnaşdylar.
Habarda mälim edilişine görä, ýurduň Harby doktrinasyna laýyklykda geçirilen türgenleşik harby hünärmenleriň hünär ussatlyklaryny kämilleşdirmäge we söweşjeň taýýarlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirildi. Şeýle hem, onda ýerde, howada, deňizde söweş alyp barmak sungatynyň we taktikasynyň täze, öňdebaryjy usulyýetini, tilsimlerini sazlaşykly ýerine ýetirmek maksat edildi.
Harby türgenleşikde uçarmansyz uçarlaryň howadaky uçuşlary we ot atyş urgulary “TürkmenÄlem 52oE” emeli aragatnaşyk hemrasynyň kömegi bilen göni aragatnaşykda sanly ulgam arkaly ýörite ekranlarda görkezildi.
Milli goşunyň ösen tehnikalar bilen üpjün edilmegi, harby gullukçylaryň gullugy hem-de ýaşaýyş-durmuşy üçin zerur şertleriň döredilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.Harby-deňiz güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebap tehnikalar we enjamlar, iň täze gämiler bilen üpjün etmegiň, ýurdumyzyň ugurdaş kärhanalarynda gämileri gurmagyň hasabyna yzygiderli berkidilýär. Şeýle hem harby deňizçileriň söweşjeň, nazary taýýarlygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýän çäreler görülýär.
Türkmenistanyň Prezident Serdar Berdimuhamedow okuw-türgenleşik merkeziniň ýörite meýdançasynda görkezilen söweşjeň tehnikalaryň dürli görnüşlerini synlady. Şolaryň hatarynda uçarmansyz uçarlar we beýlekiler bar.
Döwlet Baştutany häzirki wagtda harby gullukçylaryň öňünde durýan möhüm wezipäniň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan hem-de Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň düzgünlerini ýerine ýetirmekden ybaratdygyny nygtady.
Şeýle hem goşunlaryň ähli görnüşiniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilen yzygiderli çäreleriň görüljekdigi bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow harby okuw türgenleşiginiň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, söweşjeň taýýarlygyň ýokary derejesini görkezen esgerlerdir serkerdelere möhüm we jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmekde — mähriban Watanyň asudalygyny goramakda üstünlikleri arzuw etdi.