Serdar Berdimuhamedow kärizek üzüminiň täze hasylyny ýygnamaga badalga berdi

Serdar Berdimuhamedow kärizek üzüminiň täze hasylyny ýygnamaga badalga berdi

10-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň ýanynda ýerleşýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdirligine degişli bagçylyk we üzümçilik meýdanyna baryp gördi.

Üzüm ösdürilip ýetişdirilýän ýerde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdirliginiň başlygy Ç.Amanow bu ýerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we üzümiň täze hasylyny ýygnamak işlerine taýýarlygyň derejesi barada hasabat berdi.

Müdirligiň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, üzümiň Kärizek atly görnüşi hasyla durdy. Ç.Amanow bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanyndan kärizek üzüminiň täze hasylyny ýygnamaga badalga bermegini haýyş etdi.Serdar Berdimuhamedow üzümiň täze hasylyndan ýygyp, onuň köpçülikleýin ýygnalmagyna ak pata berdi. Şeýle hem bu ýerde döwlet Baştutanynyň garamagyna müdirligiň üzümçilik meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilýän üzümleriň görnüşleri görkezildi.

Bu ýerde üzümiň 10 görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär.Olar Kärizek, Şaserpaý, Taýfy, Rowaç, Türkmen-içkimar, Sary kişmiş, Sagdäne, Garrygala, Akdäne, Gyzyl üzüm ýaly görnüşlerden ybaratdyr.Belläp geçsek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdirliginiň synag meýdançasynda üzümiň milli daýhançylyk däpleriniň we häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň utgaşdyrylmagynda täze döredilen bu görnüşine Kärizek adyny Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dakdy.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalyň täze edara ediş merkezine baryp, maslahat geçirdi
Gurbanguly Berdimuhamedow üzümiň täze döredilen görnüşine Kärizek diýip at dakdy
Türkmenistanda üzümiň täze sortlarynyň ikisi döredildi
ВЫЕЗДНОЕ РАСШИРЕННОЕ ЗАСЕДАНИЕ КАБИНЕТА МИНИСТРОВ ТУРКМЕНИСТАНА
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine şäher derejesini bermek we oňa at dakmak hakynda
Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy