10-njy awgustda Balkan welaýatynda zähmet rugsadynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow günbatar sebitde ýerleşýän Harby-Deňiz Güýçleriniň “Garşy” deňiz birikmesinde “Deňiz han” atly korwet kysymly harby gämi bilen tanyşlykdan soňra, dabaraly harby-deňiz ýörişini synlady.
Onda Harby-Deňiz Güýçleriniň, Döwlet serhet gullugynyň, Içeri işler ministrliginiň we Milli howpsuzlyk ministrliginiň dürli kysymly gämileri, söweşjeň katerleri hem-de gaýyklary görkezildi. Olar ýurdumyzyň umumy uzynlygy 600 kilometre deň bolan deňiz çäkleriniň howpsuzlygyny hem-de eldegrilmesizligini üpjün etmek ugrunda eserdeň durýarlar.
Dabaraly ýörişi “Arkadag” atly serhet gorag kateri açýar, ol Watanymyzyň deňiz serhetlerini goramakda özüniň ygtybarlylygyny görkezdi.Onuň yzy bilen döwletimiziň deňiz serhetlerini ygtybarly goramaga niýetlenen “Edermen” we “Gaýratly” raketa gämileri geçýärler.
Soňra Harby-Deňiz Güýçleriniň “Eserdeň” atly 60 metr ululykdaky tirkeg-üpjünçilik gämisi geçdi.Dabaraly ýörişi dürli kysymly gorag gämileri dowam etdiler.Olaryň hatarynda “Galkan” taslamaly “Algyr” we “Hanjar” gorag gämileri, “Asuda”, “Mergen”, “Hüşgär” we “Synmaz” serhet gorag gämileri, şeýle hem Döwlet serhet gullugynyň garamagyndaky “Sakçy” taslamaly “Naýza”, “Kämil”, “Galjaň” we “Gaplaň” gämileri bar. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna ýörişiň dowamynda “Umman” gidrografik gämisi görkezildi, ol Hazar deňziniň türkmen böleginde gämileriň ýüzüşiniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin deňizde gidrografik we okeanografik işleri geçirmek üçin niýetlenendir...
Prezident Serdar Berdimuhamedow milli deňiz flotunyň Hazar deňzinde geçirilen dabaraly ýörişiniň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, döwletimiziň geljekde-de Harby-Deňiz Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna, harby deňizçileriň hünär ussatlygynyň ýokarlandyrylmagyna, ýurdumyzyň deňiz serhetleriniň ygtybarly goragynyň we eldegrilmesizliginiň üpjün edilmegine aýratyn üns berjekdigini belledi.