Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisini geçirdi

Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisini geçirdi

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisiñ gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.

Hökümet mejlisinde, ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi.Ol ýurduň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunda Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny işläp taýýarlamak, birnäçe kanunlara degişli üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary, şol sanda Býujet kodeksine üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça amala aşyrylýan işler barada aýdyldy.

Mejlisiň çykyp giden deputatlarynyň ýerine deputatlaryň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşi barada hem habar berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Mejlisiniň çykyp giden deputatlarynyň ýerine 7-nji iýulda geçiriljek deputatlaryň saýlawlaryna taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Soňra wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurban baýramyny bellemek baradaky Permana hem gol çekdi.

Döwlet Baştutany mejlise gatnaşyjylary, ähli watandaşlaryny Gurban baýramy bilen gutlady.

Mejlise gatnaşyjylar hem Türkmenistanyň Prezidentine we Halk Maslahatynyň Başlygyna Gurban baýramy mynasybetli gutlaglaryny beýan etdiler.

Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemledi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisini geçirdi
Serdar Berdimuhamedow nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi